Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

  • düýn 23:53
  • 1.4k+

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň iň gowy saklanyp galan arheologik obýektleriniň biri boldy.

Bu açyşy arheolog Iwan Şpraýsyň ýolbaşçylygyndaky meksika-slowen barlag topary amala aşyrdy.

Minanbe goraghananyň gür ösümlikler we agaç daşalýan ýollaryň ýoklugy sebäpli şäheriň galyndylaryny gizläp saklan iň çet böleginde ýerleşýär. Ilatly nokat gür jeňňelligiň aşagyndaky desgalary tapmaga mümkinçilik berýän lidarly skanirleme tehnologiýasynyň kömegi bilen ýüze çykaryldy. Arheologlar bu ýere ýetmek üçin ilki jeňňelligiň içinden bäş kilometrlik ýol açyp, soňra ýörite ulag serişdelerinde we pyýada ýollaryny dowam etdirdi.

«Ozal barlag geçiren beýleki ýerlerimiz bilen deňeşdirilende, bu ýere gelmek has kyn boldy. Ýöne soňky üç ýylyň dowamynda bu ýer bütinleý el degrilmedik, talaňçylyk yzlary bolmadyk ilkinji tapylan ýerdir. Bu biziň üçin uly garaşylmadyk waka boldy» – diýip, Şpraýs gürrüň berýär.

Ilkibaşda alnan maglumatlar, takmynan, 15 gektar meýdany tutýan ýaşaýyş ýeriniň bardygyny görkezdi. Soňraky barlaglar bolsa meýdançalary, köşk toplumlaryny, dabaralar üçin niýetlenen desgalary, eýwanlary we suw serişdelerini dolandyryş ulgamy bolan iri şäher merkeziniň hereket edendigini tassyklady.

Iň esasy tapyndylaryň biri — beýikligi 13 metrden gowrak bolan we Rio-Bek binagärlik stiliniň aýratynlyklaryny özünde saklap galan piramida görnüşli ybadathanadyr. Şeýle-de, arheologlar 14 sany ýadygärligi, şol sanda şekiller we ieroglif ýazgylary bolan stelalary hem-de altarlary hasaba aldy.

Barlagçylaryň aýtmagyna görä, bu obýekt talaňyň yzy bolmazdan gowy saklanypdyr, bu bolsa şeýle sebitler üçin örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Alymlar Minanbeniň soňky klassyky döwürde maýýa peslikleriniň syýasy we hojalyk ulgamynda möhüm orun eýeländigini çak edýär.


düýn 23:37
1.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

08.06.2026 16:45
4.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

04.06.2026 18:07
7.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......