Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

  • 04.06.2026 18:07
  • 7.4k+

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş Aziýa boýunça hem örän irki amallaryň biri hasaplaýarlar.

​Bu tapyndy takmynan bäş we üç ýaşlaryndaky iki çaganyň bilelikde jaýlanan guburyndan tapyldy. Operasiýa yzlary uly çaganyň kelleçanagynda saklanyp galypdyr.

​Barlagçylaryň berýän maglumatlaryna görä, operasiýa süňkden ýa-da daşdan ýasalan gurallaryň kömegi bilen amala aşyrylypdyr. Alymlar şol döwürde lukmançylyk we dini dessurlaryň arasynyň gaty ýakyn bolandygyny, şol sebäpli hem bu emeliň anyk näme maksat bilen edilendiginiň heniz öwrenilýändigini belleýärler.

​Arheologik tapyndy Oks siwilizasiýasy (biziň eramyzdan öňki III müňýyllygyň ahyry — II müňýyllygyň başy) bilen baglanyşyklydyr. Bu medeniýet gadymy döwürde Merkezi Aziýanyň çäginde höküm sürüp, öz täsirini hatda Pars aýlagynyň kenarlaryna çenli ýaýratmagy başarypdyr.

​Çagalaryň gubury bürünç eýýamynyň Orta Aziýa medeni zolagynyň esasy merkezleriniň biri hasaplanýan gadymy Jarkutan şäherinden tapyldy. Arheologlar ozal hem bu ýerden gadymy şäher binalarynyň galyndylaryny we ýokary hilli keramika önümleriniň nusgalaryny ýüze çykarypdylar.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......