Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

  • şu gün 07:48
  • 303

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi.

European Spaceflight neşiriniň maglumatyna görä, maý aýynyň başyna meýilleşdirilen enjamy asmandan goýbermek synaglary gäminiň nusgasyny «CH-47 Chinook» dikuçarynyň daşky asgyçlaryna galdyrylan wagty togtadylypdyr. Waka barada içgin maglumat berilmeýär.

Agentlik derňew işleriniň dowam edýändigini mälim etdi. Möhletleriň yza süýşürilmegine synag meýdançasyna elýeterligiň çäklidigi-de täsir etdi.

Indiki jemleýji synaglar 2026-njy ýylyň oktýabr aýyndan ir geçirilmez. Şol bir wagtda «Space Rideiň-iň» ilkinji uçuşy öňküsi ýaly 2028-nji ýylyň birinji çärýegine meýilleşdirilýär. Gämini uçurmak üçin «Vega C» raketasyny ulanmak göz öňünde tutulýar.

Ozal 2024-nji ýylyň awgustynda we 2025-nji ýylyň iýunynda ESA enjamyň üç tonnalyk masso-gabaraly nusgasynyň synaglaryny üstünlikli geçiripdi. Maksatnamanyň ýolbaşçysy Dante Galliniň aýdyşy ýaly, gäminiň ähli uçuş nusgalary eýýäm ýasalyp, häzirki wagtda birikdiriliş we barlag tapgyrlaryndan geçýär.


şu gün 08:02
288

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 22:30
1.1k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
3k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.7k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......