Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

  • şu gün 13:48
  • 1k+

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen tanyşdyrdy. Binanyň ýüzi teksturaly daş bilen örtüler.

Geljegiň bu desgasy Saud Arabystanynda gurular.

Gurluşyk üçin ýer Al-Ula sebitindäki ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Hegra şäheriniň golaýyndaky çöllükden saýlanyldy. Bu ýer astronomik gözegçilikler üçin iň amatly ýer, sebäbi ol ýeriniň asmany hemişe açyk we ýagtylygyň hapalanyşy minimaldyr.

Toplumyň binagärlik konsepsiýasy Älemiň gurluşyna we ýerli gumdaşlara salgylanýar. Gurluşyk üç sany kesişýän turba şekilli gabaralardan ybarat bolup, asmana uzaýan ägirt teleskoplary ýada salýar. Bu gurluşlaryň ujunda uly panorama aýnalary gurnalar, bu bolsa myhmanlara we alymlara ýyldyzlary hem-de çöl peýzažlaryny synlamaga mümkinçilik berer.

Bu toplumda ylmy-barlag laboratoriýalary we syýahatçylar üçin zolaklar ýerleşer. Şeýle hem, desganyň üçeginde planetariý, restoran we açyk howada synlaýyş meýdançasy bolar.

Bu taslama sebiti ösdürmegiň global baş meýilnamasynyň bir bölegidir. Geljekde bu ýerde dünýä derejesindäki astronomiki gurallar ýerleşdiriler we astrosyýahatçylygy söýüjiler üçin giňişleýin infrastruktura dörediler. Infrastruktura döwrebap teleskoplary, alymlar üçin myhmanhana otaglaryny, syýahatçylar üçin ýöriteleşdirilen myhmanhanany we gijeki asmana ýekebara gözegçilik etmek üçin özbaşdak, aýrybaşga pawilonlary öz içine alar.


düýn 14:38
3.2k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....