NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

  • 08.06.2026 16:17
  • 2.9k+

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir.

Bu waka sesden çalt, ýöne asuda uçuş tehnologiýalaryny döretmäge gönükdirilen «Quesst» missiýasynyň iň möhüm sepgitleriniň biri bolar.

​Iýun aýynyň başynda hünärmenler uçary takmynan 13 kilometr belentlige galdyrmagy we şol ýerde ses päsgelçiligini ýeňip geçmegi meýilleşdirýärler. Garaşylýan indiki tapgyrda bolsa, ýagny amaly şertlerdäki uçuş wagtynda, uçar 16,7 kilometr belentlikde 1,4 Maha, ýagny sagatda takmynan 1490 kilometr tizlige ýeter. Bu görkezijiler geljekde ABŞ-nyň ilatly sebitleriniň üstünden uçulanda dörejek asuda ses zarbasynyň maglumatlaryny ýygnamak üçin örän zerurdyr.

​Taslamanyň maksady uçaryň ses pägelçiligini böwsen wagtynda gaty gürpüldi däl-de, edil awtoulagyň gapysynyň ýapylmagyna meňzeş ýumşak tykyrdynyň eşidilmegini gazanmakdan ybaratdyr.

​«Mümkinçilikleriň gerimini giňeltmegiň her bir ädimi bizi «Quesst» missiýasynyň özeni bolan asuda, sesden çalt uçuşy görkezmäge has-da ýakynlaşdyrýar. Missiýanyň şertlerindäki ilkinji uçuşyň tamamlanmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu pursat uçaryň hut özi üçin ýasalan gurşawynda nähili işleýändigini barlap başlaýan pursatymyzdyr» diýip, «Low Boom Flight Demonstrator» taslamasynyň ýolbaşçysy Ketrin Bem belleýär.

​Häzirki tapgyrda iň esasy wezipe uçaryň çaklanýan häsiýetnamalaryny we uçuş ukyplaryny tassyklamakdan ybaratdyr. Asuda ses zarbasyny subut etmek bolsa has giçki döwre meýilleşdirildi.

​Synaglar wagtynda «X-59» uçaryna adaty sesden çalt uçýan uçar hemra bolar. Adaty uçaryň gürpüldisi eksperimental enjamyň ses täsirini ýaşyrmak we ýapmak üçin ulanylar. «X-59-yň» döretjek zarba tolkunlaryny hasaba almak üçin bolsa, ýany bilen uçýan uçaryň üstünde ýörite sensor guraly gurnalar.

​«X-59» özüniň ilkinji uçuşyny 2025-nji ýylyň oktyabr aýynda amala aşyrypdy. Şondan bäri hünärmenler ähli ulgamlaryň, şol sanda daşarky gözegçilik ulgamynyň işini barladylar. Öňde duran synaglar uçaryň uçuşa ýaramlylygyny tassyklamaga gönükdirilen programmanyň birinji tapgyryna girýär. Ses zarbasynyň derejesini ölçemäge degişli bolan ikinji tapgyr üçin maglumat ýygnamak işi bolsa has soňrak başlar.


şu gün 00:18
399

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......