Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

  • düýn 15:40
  • 1.6k+

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi.

Barlagçylar ilkinji gezek planetanyň jikme-jik spektroskopik maglumatlaryny alyp, onuň atmosferasynda suw bugunyň, metanyň, kömürturşy gazynyň we ammiagyň bardygyny anyklady. Ýöne planetanyň özboluşly reňki onuň himiki düzümi bilen däl-de, bugaran duz bölejiklerinden emele gelen bulutlar bilen düşündirilýär.

Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, duz bulutlary ýagtylygy dargatmak we spektral signallary üýtgetmek arkaly özüne mahsus bolan gülgüne öwüşgini döredýär. Bu açyş ekzoplanetalary öwrenmekde atmosferanyň gurluşynyň örän uly orun eýeleýändigini we onuň gözegçilikleriň netijelerine düýpli täsir edip biljekdigini görkezdi.

«GJ504b» planetasy gaz ägirtleri bilen goňur girdenek (kiçi) planetalaryň aralygyndaky kategoriýada ýerleşýär. Onuň massasy Ýupiteriňkiden, takmynan, 25 esse uly, gyzgynlygy bolsa Selsiý boýunça 288 gradus töweregidir, bu bolsa göni synlanýan beýleki köp sanly ekzoplanetalaryň gyzgynlyk derejesinden ep-esli pesdir. Barlagçylaryň çykaran netijelerine görä, bu asman jisiminiň ýaşy 2,5 milliarddan 4 milliard ýyla çenli bolmaly.


düýn 23:37
1.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....