«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

  • şu gün 00:18
  • 399

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky permanynyň taslamasyna girizildi diýip, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň federal portalyndaky maglumatlara salgylanyp «Interfaks» ýazýar.

Resminama görä, Aýdaky AES Russiýanyň Aý maksatnamasynyň we halkara hyzmatdaşlyk taslamalarynyň çäklerinde Aýyň üstündäki infrastrukturany elektrik energiýasy bilen üpjün etmelidir.

2036-njy ýyla çenli ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Aýy awtomatik kosmos enjamlary arkaly öwrenmek, Ýere Aý topragynyň nusgalaryny getirmek, Halkara kosmos stansiýasyny howpsuz ulanmak we onuň işini tamamlamak, şeýle hem Russiýanyň orbital stansiýasyny ýerleşdirmek ýaly wezipeler bellenildi.

Mundan başga-da, Ýeri uzak aralykdan öwrenmek hem-de köp hemraly, pes orbitaly, giň zolakly aragatnaşyk ulgamyny döretmek göz öňünde tutulýar.

2036-njy ýyldan soň bolsa «Roskosmos» ýadro energetika desgalary bolan ulag serişdelerini kosmosa çykarmagy, Aýyň we asteroidleriň serişdelerini gözläp tapmaga hem-de özleşdirmäge girişmegi, Halkara ylmy Aý stansiýasyny döretmäge gatnaşmagy we Aýy hem-de uzak kosmosy öwrenmek boýunça bilelikdäki rus-hytaý Maglumatlar merkeziniň Russiýa degişli bölegini ösdürmegi meýilleşdirýär.

Şeýle hem resminamada astrofiziki gözlegleri dowam etdirmek we dolandyrylýan kosmonawtika maksatnamalaryny ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.


27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....