Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jedwelindäki gutarnykly orunlary we 1/16 finala çykan bäsdeşler mälim boldy.
E toparça:
Kýurasao – Kot-d’Iwuar – 0:2
Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy Kýurasaony ynamly 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşuk ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherindäki “Linkoln Faýnenşel Fild” stadionynda geçirildi.
Oýnuň 7-nji minudynda Ispaniýanyň ”Wilýarreal” toparynyň futbolçysy Nikolýa Pepe (Ýan Diomandyň top aşyrmasy bilen) hasaby açdy. Ol 64-nji minutda hem dubl edip özüniň we toparynyň 2-nji goluny geçirdi. Bu gezek oňa “Nottingem Forestdäki” ýarymgoragçy Ibraim Sangariniň assist edendigini bellemek gerek. Bu oýunda Kot-d’Iwuar hakykatdanam goragda-da, hüjümde-de güýçli oýnady.
Şeýlelikde 6 utuk gaznan Kot-d’Iwuar ikinji orun bilen ýaryşy dowam eder, 1 utukly Kýurasao bolsa özüniň taryhy çykyşyny şu ýerde tamamlady.
Ekwador – Germaniýa – 2:1
Ekwadoryň ýygyndysy bolsa Germaniýa 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Oýun Ist-Raterford (ABŞ) şäherindäki “Metlaýf” stadionynda 80 müňden gowrak tomaşaçynyň göz öňünde bolup geçdi.
Duşuşygyň 2-nji minudynda "Galatasaraýyň" futbolçysy Leroý Zane (Florian Wirtziň ýardamy bilen) hasaby açyp, Germaniýany öňe alyp çykdy. 11-nji minutda bolsa Pedro Witeniň pasyndan soň “Sanderlendiň” futbolçysy Nilson Angulo derwezäni anyk nyşana alyp, aradaky parhy deňledi. 1:1. Bu aralykda ekwadorly Hoel Ordonesiň goluny VAR gözegçiliginden geçirip, hasaba almandyklarynam belläp geçeli. 77-nji minutda Gonsalo Platanyň (Kewin Rodrigesiň ýardamy bilen) geçiren goly bolsa hasabyň soňky nokadyny goýdy – 2:1. Bu kambek Ekwadory indiki tapgyra gönümel alyp çykmasa-da, 3-nji orundaky ýagdaýyny birazam bolsa gowlandyrdy.
E toparçadaky gutarnykly ýagdaý:
- 1 Germaniýa - 6 utuk (10-4);
- 2 Kot-d’Iwuar - 6 utuk (4-2);
- 3 Ekwador -4 utuk (2-2);
- 4 Kýurasao -1 utuk -1-9;
F toparça:
Ýaponiýa – Şwesiýa — 1:1
Ýaponiýa bilen Şwesiýanyň arasynda geçen oýun 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.
Arlington şäherindäki (Tehas, ABŞ) “Eý-Ti-end-Ti” stadionynda geçirilen oýun hakykatdanam hasaba laýyk gelýän depginde çekeleşikli boldy.
Hasap oýnuň 56-njy minutynda açyldy. Şotlandiýanyň “Seltik” toparynyň agzasy Daýdzen Maeda (Risu Doanyň pasyndan soň) hüjümi gol bilen tamamlamagy başardy. 62-nji minutda “Nýukasl Ýunaýtediň” oýunçysy Entoni Elanga (Dýökereşiň pasyndan soň) hasaby deňledi. Oýundan soň Elanganyň şu duşuşykda iň gowy futbolçy diýlip ykrar edilendiginem belläp geçeliň.
Şondan soň hasap üýtgemedi. Ýaponlaryň derwezebany Dzion Suzukiniň (“Parma” Italiýa) 4-sany göni gelen howply urgyny gaýtarandygyny aýratyn bellesek (Şwesiýanyň derwezesine bary ýogy 3 göni urgy edilip, onuň hem biri gol bilen tamamlandy) ýerlikli bolar. Bu netijeden soň Ýaponiýa 5 utuk bilen pleý-offa ýol aldy, Şwesiýa bolsa 3-nji orundaky ýagdaýyny gowulandyrdy.
Tunis – Niderlandlar – 1:3
Tunis bilen Niderlandlaryň arasyndaky oýun 1:3 hasabyndaky tunislileriň ýeňlişi bilen tamamlandy. Oýun ABŞ-nyň Missuri ştatyndaky “Errouhed” stadionynda geçirildi. Duşuşygyň hasaby awtogol bilen açyldy. 3-nji minutda Ellies Skiriden gaýdan top Tunisiň derwezesinden orun tapdy. 7-nji minutda Braýan Brobbi Wirjil wan Deýkiň aşyran topuny derwezä ýollap, hasaby 2 esse artdyrdy.
Oýnuň 54-nji minutynda “Dinamo Mahaçkalaň” oýunçysy Hazem Masttri (Hannibal Mejbriň pasy) aradaky tapawudy azaltdy 1:2. Ýöne 62-nji minutda “Tottenhemiň” futbolçysy Ýan Paul Hekke (Teýani Reýndersiň ýardamy bilen) hasabyň nokadyny goýdy. Tunis – Niderlandlar – 1:3. Bu hasap Niderlandlaryň 7 utuk bilen toparçadan 1-nji ornuň eýesi hökmünde çykmagyny kepillendirdi.
F toparçadaky gutarnykly ýagdaý:
- 1 Niderlandlar – 7 utuk (10-4);
- 2 Ýaponiýa – 5 utuk (7-3);
- 3 Şwesiýa – 4 utuk ( 7-7);
- 4 Tunis – 0 utuk (2-12).
D toparça:
Türkiýe – ABŞ – 3:2;
Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky oýun 3:2 hasabynda türkleriň peýdasyna tamamlandy. Oýun Inglwud şäherindäki (ABŞ) “Sou-Faý” stadionynda geçirildi. Duşuşygyň 3-nji minutynda Ostin Trasti (Sebastýan Berhalteriň ýardamy bilen) toparyny öňe alyp çykdy.
11-nji minutda Baryş Ýylmazyň pasyndan soň Arda Güler hasaby deňledi. 31-nji minutda Orkun Kökçi türkleriň ikinji goluny geçirdi. 49-njy minutda Berhalteriň (oýundaky ýeke-täk sary petek şu futbolça görkezildi) özi gol geçirip, hasaby deňledi. 90+9 da bolsa Kaan Aýhan uzak çekeleşilen hüjümi gol bilen tamamlady.
Türkler oýunda 3 utuk alanam bolsalar, duşuşykda ABŞ-nyň oýun depgininiň olaryňkydan mazmunlyrak bolanlygyny bellemek gerek. Olar derwezä tarap 19 gezek urgy (türklerde - 9) etdiler. Burçdan bolsa topy 9 gezek (türklerde 2) oýna girizdiler.
Bu oýnuň hasaby toparlaryň jedweldäki orunlaryna täsir etmedi.
Paragwaý – Awstraliýa — 0:0
Paragwaý bilen Awstraliýaň arasyndaky oýun bolsa golsuz deňlik bilen tamamlandy. Santa-Klara şäherindäki (Kaliforniýa, ABŞ) “Lewaýs” stadiona gelen 69 müňe golaý janköýere gol görmek nesip etmedi.
Oýun Awstraliýanyň biraz artykmaçlygynda geçdi diýip bolar. Olar topa 56% (Paragwaýda 44% ) eýeçilik etdiler. Derwezä bolsa awstraliýaly futbolçylar 12 gezek urgy edip, 5-si anyk bardy. Paragwaýda bu baradaky görkeziji 7-2.
Bu oýundan soň Awstraliýa indiki tapgyra ýol aldy, Paragwaý bolsa 4 utuk bilen 3-nji orunda garaşar.
D toparçadaky gutarnykly ýagdaý:
- 1 ABŞ – 6 utuk (8-4)
- 2 Awstraliýa 4 – utuk (2:2)
- 3 Paragwaý – 4 utuk (2-4)
- 4 Türkiýe – 3 utuk (3-5)
- 1 Lionel Messi (Argentina) — 5 gol;
- 2 Kilian Mbappe (Fransiýa) — 4 gol;
- 3 Erling Holand (Norwegiýa) — 4 gol;
- 4 Winisius Žunior (Braziliýa) — 4 gol;
- 5 Deniz Undaw (Germaniýa) — 3 gol;
- 6 Ýohan Manzambi (Şweýsariýa) — 3 gol;
- 7 Mateus Kunýa (Braziliýa) — 3 gol;
- 8 Jonatan Dewid (Kanada) — 3 gol
- 9 Ismael Saibari (Marokko) — 3 gol;
- 10 Braýan Brobbi (Niderlandlar) – 3 gol.








