DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

  • düýn 22:49
  • 2.5k+

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden indiki tapgyra çykmak hukugyny berkitdi, ýene birleriniň ykbaly bolsa diňe bir öz oýunlaryna däl, eýsem goňşy toparlaryň oýunlarynyň netijelerine-de bagly.

Aşakda 12 toparçanyň ýagdaýy barada maglumatlar:

A toparça

Ýagdaý: Meksika – 6, Günorta Koreýa – 3, Çehiýa –1, Günorta Afrika (GAR) –1.

Oýunlar: Çehiýa – Meksika, GAR – G.Koreýa. (25-nji iýun, 06:00)

Günorta Koreýa üçin iň amatly ýol –utmak. Eger oýun deňlik bilen gutarsa, olar 4 utuk bilen pleý-offa çykýarlar.

Çehiýa üçin diňe ýeňiş zerur. Şeýle-de, ikinji orna geçmek üçin Çehiýa Meksikany 2 top tapawudy bilen utmaly we GAR-yň Günorta Koreýany diňe 1 top tapawudy bilen ýeňmegine garaşmaly.

Günorta Afrika Günorta Koreýany uly hasap bilen utsa we Çehiýa Meksikadan uly hasap bilen utulsa, GAR 4 utuk bilen 3-nji orna geçip bilýär.

3-nji orun alan topar pleý-offa çykmak üçin beýleki toparçalardaky 3-nji orunlar bilen deňeşdirilende iň gowy görkezijileri görkezmelidir.

B toparça

Ýagdaý: Kanada – 4, Şweýsariýa – 4, Bosniýa we Gersegowina – 1, Katar –1.

Oýunlar: Şweýsariýa – Kanada, B. we G. – Katar. (25-nji iýun, 00:00)

Bu ýerdäki ýagdaý has hem çylşyrymly bolup, pleý-offa çykmak mümkinçiligi ähli toparlarda saklanyp galýar. Liderleriň arasyndaky oýunda (Şweýsariýa — Kanada) hasabyň deňlik bilen tamamlanmagy, iki topary-da indiki tapgyra çykarar. Emma, Kanada uly hasap bilen (4 pökgi tapawudyndan köp) utulsa we Bosniýa we Gersegowina hem şeýle uly hasap bilen ýeňiş gazansa, onda ikinji orun bilen bosniýalylar pleý-offa çykar we Kanada üçünji orunda galyp biler.

Kataryň hem ikinji orna geçmek boýunça nazary şanslary bar: munuň üçin olar Bosniýany derbi-dagyn etmeli, Şweýsariýa bolsa Kanadadan uly hasap bilen utulmaly (katarlylaryň pleý-offa çykmagy üçin umumy pökgi tapawudynyň 10 pökgi öz peýdalaryna bolmagy zerur). Islendik ýagdaýda Katara diňe ýeňiş gerek — 4 utuk bilen olar üçünji orundan indiki tapgyra geçmäge umyt baglap bilerler.

C toparça

Ýagdaý: Braziliýa – 4, Marokko – 4, Şotlandiýa – 3, Gaiti –0.

Oýunlar: Marokko – Gaiti, Şotlandiýa – Braziliýa. (25-nji iýun, 03:00)

Gaitiniň ýygyndysy pleý-offa çykmak mümkinçiligini ýitirdi we toparçada gutarnykly ýagdaýda dördünji orny eýeläp galýar. Ýöne jedweliň ýokarky böleginde çekeleşikli göreş dowam edýär. Braziliýa Şotlandiýa bilen geçiriljek oýunda deňlik gazansa hem ýeterlik bolar. Marokko üçin bolsa öz oýnundaky deňlik howply bolup biler: eger Şotlandiýa Braziliýany utsa, marokkolylar 3-nji orna düşüp bilerler (emma 5 utuk olaryň pleý-offa çykmagyny diýen ýaly kepillendirýär). Şotlandiýa bolsa, ikinji orny ygtybarly gazanmak üçin hökman ýeňiş gazanmaly we Marokkonyň utulmagyna ýa-da deňme-deň oýnamagyna garaşmaly. Ýeňiş şotlandlar üçin islendik ýagdaýda üçünji orunlaryň reýtinginde uly ähmiýete eýe bolar.

D toparça

Ýagdaý: ABŞ – 6, Awstraliýa – 3, Paragwaý – 3, Turkiýe – 0.

Oýunlar: ABŞ – Türkiýe, Paragwaý – Awstraliýa. (26-njy iýun, 07:00)

ABŞ bilen Türkiýäniň duşuşygy hiç hili zada täsir etmeýär. Ikinji we üçünji orunlaryň eýeleri Paragwaý bilen Awstraliýanyň özara oýnunda belli bolar. Şol bir wagtyň özünde, başga toparçalardan üçünji orun bilen pleý-offa çykmaga umyt baglaýan toparlar üçin bu oýunda taraplaryň biriniň ýeňiş gazanmagy amatlydyr, sebäbi deňlik netijesi Awstraliýany ikinji orunda galdyryp, hasaplamalary çylşyrymlaşdyrar.

E toparça

Ýagdaý: Germaniýa – 6, Kot-d’Iwuar – 3, Ekwador – 1, Kýurasao – 1.

Germaniýa pleý-off tapgyryna çykmagy eýýäm kepillendirdi, galan toparlaryň hem mümkinçilikleri saklanyp galýar. Kot-d’Iwuar ýeňiş gazanan ýagdaýynda, ikinji orun bilen indiki tapgyra gönümel çykýar. Deňlik bolan ýagdaýynda hem, eger Germaniýa Ekwadory utsa ýa-da olaryň arasyndaky oýun deňlik bilen tamamlansa, iwuarlylar ikinji orunda galarlar. Geň galaýmaly ýeri, hatda Kýurasao toparynyň hem ikinji orna geçmäge mümkinçiligi bar: bu bolsa Ekwador Germaniýany utup, Kýurasaonyň özüniň bolsa Kot-d’Iwuar toparyny ýeňen ýagdaýynda mümkin bolar.

F toparça

Ýagdaý: Niderlandlar – 4, Ýaponiýa – 4, Şwesiýa – 3, Tunis – 0.

Tunis ähli umytlaryny ýitirdi. Niderlandlara indiki tapgyra çykmak üçin deňlik hem ýeterlikdir. Niderlandlaryň üçünji orna düşmek töwekgelçiligi diňe olar Tunisden uly hasap bilen utulyp, şol bir wagtyň özünde Ýaponiýa hem Şwesiýadan utulan ýagdaýynda ýüze çykar. Ýaponiýa hem deňlik ýeterlik bolar, ýöne ýeňliş olary üçünji orna düşürer. Şwesiýany diňe ýeňiş halas edip biler, sebäbi üçünji orunda galan ýagdaýlarynda, olaryň goşmaça görkezijileri beýleki toparçalardaky bäsdeşlerinikinden pesräk bolup biler.

G toparça

Ýagdaý: Müsür – 4, Eýran – 2, Belgiýa – 2, Täze Zelandiýa – 1.

Oýunlar: T.Zelandiýa – Belgiýa, Müsür – Eýran. (27-nji iýun, 08:00)

Iň garaşylmadyk toparçalaryň biri. Hatda Müsür hem özüni arkaýyn duýup bilmeýär: eger olar Eýrandan utulsalar we Belgiýa Täze Zelandiýany uly hasap bilen utsa, müsürliler 3-nji orna düşerler. Islendik deňlik Müsüre azyndan ikinji orny kepillendirýär. Eýrana diňe ýeňiş gerek, sebäbi deňlik ýa-da ýeňliş bolan ýagdaýynda, Belgiýanyň üstünligi olary aşak düşürer. Belgiýalylara ýeňiş göni pleý-offa çykmagy kepillendirýär, deňlik bolan ýagdaýynda bolsa olar Eýranyň ýeňilmegine garaşmaly bolarlar — şonda Belgiýa 3 utuk bilen indiki tapgyra geçer.

H toparça

Ýagdaý: Ispaniýa – 4, Urugwaý – 2, Kabo-Werde – 2, Saud Arabystany – 1.

Oýunlar: Kabo-Werde – S.Arabystany, Urugwaý – Ispaniýa. (27-nji iýun, 05:00)

Ispanlara soňky tapgyrda deňlik hem ýeterlik. Urugwaý bolsa pleý-offa çykmagy diňe ýeňiş gazanan ýagdaýynda kepillendirip biler — eger oýun deňlik bilen gutarsa, goňşy oýnuň islendik netijesi (deňlikden başga) urugwaýlylary 3-nji orna düşürer. Kabo-Werdede hatda toparçada birinji orny eýelemek mümkinçiligi hem bar: munuň üçin liderleriň oýnunyň deňlik bilen tamamlanmagy we özleriniň uly hasap bilen ýeňiş gazanmagy gerek. Saud Arabystany hem bäsleşikde galýar — olara Kabo-Werdäni utmak we Urugwaýyň utulmagyna ýa-da deňlik oýnamagyna garaşmak gerek. Emma, islendik ýagdaýda hem araplara 4 utuk toplap, üçünji orun alan toparlaryň arasynda amatly orna geçmek üçin hökman ýeňiş zerurdyr.

I toparça

Ýagdaý: Fransiýa – 6, Norwegiýa – 6, Senegal – 0, Yrak – 0.

Oýunlar: Norwegiýa – Fransiýa, Senegal – Yrak. (27-nji iýun, 00:00)

Bu ýerde bäsleşik iki bölege bölünýär. Liderler özara oýunda 1-nji we 2-nji orunlary kesgitleýärler, Senegal bilen Yrak bolsa 3-nji orun ugrunda göreşýärler. Bu oýnuň ýeňijisine pleý-offa çykmak ugrunda goşmaça görkezijiler boýunça bäsleşmek üçin uly hasap bilen ýeňiş gazanmak zerur bolar.

J toparça

Ýagdaý: Argentina – 6, Awstriýa – 3, Alžir 3, Iordaniýa — 0.

Oýunlar: Iordaniýa – Argentina, Alžir – Awstriýa. (28-nji iýun, 07:00)

Argentina möhletinden öň indiki tapgyra çykmagy başardy, Iordaniýa bolsa ýaryşy şol ýerde tamamlaýar. Ikinji göni ýollanmany Alžir bilen Awstriýa özara oýunda kesgitleýärler. Bu jübütlikde utulan toparçalaýyn tapgyry üçünji orunda tamamlar we beýleki toparçalardaky netijelere garaşyp, pleý-offa çykmaga umyt baglar.

K toparça

Ýagdaý: Kolumbiýa –6, Portugaliýa – 4, DR Kongo – 1, Özbegistan – 0.

Oýunlar: DR Kongo – Özbegistan, Kolumbiýa – Portugaliýa. (28-nji iýun, 04:30).

Kolumbiýalylar eýýäm pleý-offda. Portugaliýa bolsa arkaýynlyk üçin utulmazlygyň özi hem ýeterlik. Kriştianu Ronaldunyň topary üçin iň erbet ýagdaý — Kolumbiýadan uly hasap bilen utulmak we şol bir wagtyň özünde DR Kongo toparynyň Özbegistany uly hasap bilen utmagy bolar; şonda portugaliýalylar üçünji orna düşerler. DR Kongo üçin ýeňiş — üçünji orny berkidip galmak ýa-da (Portugaliýa bilen bolan ýokarky ssenariýada) hatda ikinji orna geçmek üçin mümkinçilikdir. Özbegistanyň hem pleý-offa çykmak boýunça nazary mümkinçiligi bar: munuň üçin olar DR Kongony uly hasap bilen utmaly we beýleki toparçalardaky oýunlaryň netijelerine garaşmaly.

L toparça

Ýagdaý: Angliýa – 4, Gana – 4, Horwatiýa – 3, Panama – 0.

Oýunlar: Panama – Angliýa, Horwatiýa – Gana. (28-nji iýun, 02:00)

Angliýa ýygyndysy ýaryşy dowam etdirmegi eýýäm kepillendirdi, Panama bolsa ähli mümkinçiliklerini ýitirdi. Ähli üns Horwatiýa bilen Gana duşuşygyna gönükdiriler. Bellenilmeli zat, bu oýundaky deňlik beýleki toparçalarda üçünji orunlar arkaly pleý-offa çykmaga dalaş edýän toparlary örän gynandyryp biler.


düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
6.1k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......