DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

  • şu gün 13:40
  • 1.4k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jedwelindäki gutarnykly orunlary we 1/16 finala çykan bäsdeşler mälim boldy.

A toparça: Günorta Afrika Respublikasy (GAR) Günorta Koreýany pleý-offdan mahrum etdi, Meksika «iň ýokary» görkeziji bilen

Çehiýa – Meksika – 0:3

Meksikanyň ýygyndy topary meşhur «Asdeka» stadionynda Çehiýanyň üstünden ynamly ýeňiş gazandy. Ýöne gollaryň ählisi diňe ikinji ýarymda uruldy.

Oýnuň 55-nji minudynda Luis Romonyň owadan pasyndan soň Mateo Çawes hasaby açdy. Alty minut geçenden soň, Saud Arabystanynyň «Al-Kadiçiýa» klubynda oýnaýan Hulian Kinýones Horhe Sançesiň ýokardan geçiren pasyny netijeli ulanyp, aratapawudy iki esse artdyrdy. Duşuşykdaky iň soňky nokady bolsa 90+4-nji minutda Roberto Alwaradonyň beren pasyndan soň «Real Betis» klubunyň oýunçysy Alwaro Fidalgo goýdy.

Topa erk etmekde artykmaçlyga eýe bolandyklaryna garamazdan, çehler gowşak oýun görkezdi: olaryň uran 13 urgusyndan diňe ýekejesi derwezä takyk girdi. Meksikalylar bolsa 11 urgudan bäş gezek derwezä takyk zarba urup, şolaryň üçüsini gol bilen gutladylar. Meksika ýüz göterimlik netije görkezip, pleý-offa çykmagy başardy.

​GAR – Günorta Koreýa – 1:0

«Güneşli derbide» şowlulyk afrikaly oýunçylaryň tarapynda boldy. Oýun Meksikanyň Gwadalahara şäherindäki «BBVA» stadionynda geçirildi.

​Duşuşygyň ykbalyny 63-nji minutda urlan ýeke-täk gol kesgitledi: Çepang Moreminiň owadan pasyndan soň, Tkapelo Maseko topy derwezä ýollady. Günorta Koreýanyň ýygyndysy köp hüjüm etdi, topy-da özünde köp saklady, emma hasaby deňlemegi başarmady. Oýnuň iň soňky minutlarynda bolsa ÝAR-yň derwezebany Ronwen Wilýams jerime meýdançasyna ýokardan gelen örän gorkuly pasy ynamly gapyp alyp, öz toparyny "göni gelen beladan" – hakyky goldan halas etdi.

Bu ýeňişden soň GAR indiki tapgyra petegtini dolulygyna kepillendirdi, koreýalylar bolsa 3 utuk bilen beýleki toparçalaryň netijelerine garaşyp, üçünji orunda galdylar.

​A toparçadaky gutarnykly ýagdaý:

1 Meksika-9 utuk (6-0);

2 GAR -4 utuk (2-3);

3 Günorta Koreýa-3 utuk (2-3).

4 Çehiýa-1 utuk -2-6

B toparça: Şweýsariýanyň şowly ädimi we Bosniýanyň Katardan üstün çykmagy

Şweýsariýa — Kanada — 2:1

​Wankuweriň «Bi-Si Pleýs» stadionynda geçirilen duşuşyk hem gollary diňe oýnuň ikinji ýarymynda janköýerlere sowgat etdi.

Oýnuň 46-njy minudynda Ýohan Manzambiniň pasyndan soň, Ispaniýanyň «Sewilýa» klubunyň oýunçysy Ruben Wargas hasaby açdy. 57-nji minutda bolsa Fransiýanyň «Renn» klubynda çykyş edýän Bril Embolonyň beren pasyny netijeli ulanan Manzambiniň özi tapawutlandy. Kanada oýnuň 76-njy minutynda Natan-Dylan Salibanyň pasyndan soň, Promis Dewidiň takyk urgusy bilen aratapawudy azaltmagy başardy. Kanadanyň futbolçylary köp pursat döredip, garşydaşyň derwezesine jemi 13 zarba urdular (Şweýsariýada 7 urgy), emma olaryň diňe 7-si takyk boldy we bu urgular diňe birje gol getirdi.

Bosniýa we Gersegowina – Katar – 3:1

​Mundan öň saýlama tapgyrda Italiýanyň ýygyndysyny dünýä çempionatyndan mahrum eden bosniýalylar Siettliň «Lýumen Fild» stadionynda Katardan ynamly üstün çykdylar.

​Oýnuň 29-njy minudynda 18 ýaşly Kerim-Sem Alaýbegowiç Iwan Başiçiň pasyndan soň topy derwezä ugratdy. 34-nji minutda Mahmud Abunada topy öz derwezesine girizdi we hasaby Bosniýanyň peýdasyna 2:0 etdi. Katarlylar garşydaşyň derwezesine goly 42-nji minutda urmagy başardylar: Edmilson Žunioryň beren pasyndan soň, Hasan Al-Haýdos goragçynyň aýaklarynyň arasyndan pökgi geçirip, zarply depgini amala aşyrdy. Duşuşykdaky gutarnykly hasaby bolsa 80-nji minutda Dennis Hadžikaduniçiň pasyndan soň Emin Mahmiç goýdy. Kataryň hasaby deňlemäge galaba mümkinçiligi boldy, emma birinji ýarymda Ahmet Patihiň uran urgusy derwezäniň sütünine degdi, Akram Arife bolsa hüjümi netijeli tamamlamak üçin birazajyk şowlulyk ýetmedi.

Bu toparçadan Şweýsariýa we Kanada indiki tapgyrda bäsleşigi dowam etdirjekdoklerini eýýäm kepillendirdiler. Bosniýa we Gersegowina bolsa iň gowy üçünji orunlaryň biri hökmünde pleý-offa çykmak mümkinçiligini saklap galdy, ýöne ol munuň üçin beýleki dörtlüklerdäki oýunlaryň gutarnykly netijelerine garaşmaly bolar.

​B toparçadaky gutarnykly ýagdaý:

1 Şweýsariýa – 7 utuk (7-3);

2 Kanada – 4 utuk (8-3);

3 Bosniýa we Gersegowina – 4 utuk ( 5-6);

4 Katar – 1 utuk (2-10).

C toparça: Gaitililer iki gezek hasapda öne saýlandylar, şotlandlaryň uly hasaply ýeňlişi

​Marokko – Gaiti – 4:2

Atlantanyň «Mersedes-Bens Stediwum» stadionynda tomaşaçylar alty gol urlan gyzykly we çekeleşikli hakyky oýnuň şaýady boldular.

Duşuşykda hasap garaşylmadyk awtogol bilen açyldy: marokkolylaryň Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» klubynda oýnaýan derwezebany top derwezäniň sütünine degip, yza gaýdandan soň, ony öz toruna ugratdy. Oýnuň 39-njy minudynda Aşraf Hakimi hasaby deňlemegi başardy, ýöne 43-nji minutda Žan-Kewin Dýuwerniň pasyndan soň, Wilson Izidor Gaitini gaýtadan diýseň uly depgin bilen öňe çykardy. Birinji ýarymyň tamamlanmagyna az wagt galanda (45+1) bolsa Ismaýel Saýbari Hakiminiň beren pasyndan peýdalanyp, hasaby ýene-de deňledi – 2:2.

​Oýnuň ahyrynda Marokko garşydaşyny gysyp, ýeňşi öz tarapyna geçirmegi başardy: 78-nji minutda Sufýan Rahimi öz toparyny hasapda öne saýlady 89-njy minutda bolsa Rahiminiň özi Jessim Ýassine gol pasyny berdi.

Marokkolylar kynlyk bilen ýeňşe eýe boldular we pleý-off tapgyryna çykmagy başardylar.

Şotlandiýa — Braziliýa — 0:3

​Braziliýalylar Floridadaky «Hard Rok» stadionynda Şotlandiýany uly hasap bilen utdylar.

Eýýäm oýnuň 7-nji minudynda Raýanyň beren pasyndan soň, Winisius Žunior hasaby açdy. 45+3-nji minutda bolsa Madridiň «Real» klubunyň ýyldyzy «Nýukasl Ýunaýtediň» ýarym goragçysy Bruno Gimarainsiň pasyndan peýdalanyp, özüniň ikinji goluny urdy (Winisius het-trik hem edip bilerdi, ýöne onuň 22-nji minutda girizen goly hasaba alynmady).

​Oýnuň 60-njy minudynda bolsa topy ýene-de şol Bruno Gimarainsden alan Mateus Kunýa duşuşygyň gutarnykly hasabyny kesgitledi.

Şeýle-de, bu duşuşykda Neýmaryň köpden bäri garaşylýan yza dolanyşygy amala aşdy – ol 2023-nji ýylyň oktýabr wezipesinden bäri ilkinji gezek Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hatarynda meýdança çykdy. Hüjümçi oýnuň 76-njy minutynda Mateus Kunýanyň deregine ätiýaçlykdan meýdança girdi.

Braziliýa jemi 7 utuk toplap, birinji orun bilen 1/16 jemleýji tapgyra çykdy. Şotlandiýa bolsa 3 utuk bilen üçünji setirde galdy.

C toparçadaky gutarnykly ýagdaý:

1 Braziliýa – 7 utuk (7-1);

2 Marokko – 7 utuk (6-3);

3 Şotlandiýa – 3 utuk (1-4);

4 Gaiti – 0 utuk (2-8).

Toparçalaýyn tapgyryň indiki aýgytly duşuşyklarynyň meýilnamasy:

E toparça (26-njy iýun, sagat 01:00): Kýurasao –  Kot-d’Iwuar, Ekwador –  Germaniýa;

​F toparça (26-njy iýun, sagat 04:00): Ýaponiýa –  Şwesiýa, Tunis –  Niderlandlar;

​D toparça (26-njy iýun, sagat 07:00): Türkiýe –  ABŞ, Paragwaý –  Awstraliýa.

 


düýn 22:49
6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......