Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

  • düýn 10:53
  • 1.6k+

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly baglanyşyklydyr. Gürrüň Ýerden, takmynan, 1110 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän TOI-791 b we «OI-791 c planetalary barada barýar.

Iki planetanyň hem göwrümi Ýupiter bilen deňeşdirerlik derejede uly bolsa-da, olaryň agramy Ýupiteriň agramynyň diňe kiçiräk bir bölegini düzýär. TOI-791 b planetasynyň dykyzlygy, takmynan, 0,038 g/sm³, TOI-791 c planetasynyňky bolsa 0,047 g/sm³ töweregi bolup, munuň özi olary häzirki wagtda mälim bolan iň «ýeňil» planetalaryň hataryna goşýar. Şeýle görkezijiler adaty pagta süýjüsiniň ýa-da pamygyň dykyzlygy bilen deňeçerdir.

Alymlaryň pikiriçe, planetalaryň şeýle «çişikligi», olaryň protoplanet diskiniň sowuk sebitlerinde ýygnan uly wodorod-geliý gazlaryndan gabygynyň bolmagy bilen düşündirilip bilner.

Aşa pes dykyzlygy bolan şeýle gaz ägirtlerine gaty seýrek duş gelinýär: häzirki güne çenli olaryň 40-a golaýy tapyldy. NASA tarapyndan yglan edilmegine görä, şeýle iki sany asman jisiminiň bir wagtda bir ulgamda we bir orbitada ýerleşmegi adatdan daşary waka bolup, ol ýyldyz ulgamlarynyň ewolýusiýasy baradaky ozalky ylmy düşünjeleri üýtgedýär.

Geljekde alymlar bu ägirt planetalaryň atmosferasynyň düzümi baradaky çaklamalary barlamagy meýilleşdirýär. Bu işde olara «Jeýms Webb» kosmos teleskopynyň kömek etmegine garaşylýar.


düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.4k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......