Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

  • şu gün 09:54
  • 756

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi.

Şeýle hem barlagyň awtorlary çaltlaşan biologik garrylyk bilen 55 ýaşdan kiçi adamlarda rak keselleriniň käbir görnüşleriniň döremek töwekgelçiliginiň arasyndaky baglanyşygy-da ýüze çykardylar.

Alymlar Beýik Britaniýanyň «UK Biobank» taslamasyna gatnaşan 154 169 adamyň we ABŞ-nyň «All of Us» maksatnamasyna gatnaşan 10 262 adamyň maglumatlaryny seljerdiler. Ýaşy kesgitlemek üçin adamyň hakyky ýaşyna we ganyň dokuz sany biomarkerine (glýukoza, kreatinin, albumin, leýkositler we çişme markerleri) esaslanýan «PhenoAge» görkezijisi ulanyldy.

Netijede Beýik Britaniýaly 1965–1974-nji ýyllar aralygynda doglan adamlar 1950–1954-nji ýyllarda doglan nesil bilen deňeşdirilende has ýokary biologik ýaş görkezijisine eýe boldular. Şoňa meňzeş ýagdaý ABŞ-nda hem gabat gelindi. Olarda 1990-njy ýyllarda doglanlaryň biologik ýaş görkezijisi 1960-njy ýyllaryň ahyrynda doglan adamlara garanyňda ep-esli ýokary çykdy.

Düwnük keseli bilen baglanyşyk: Biologiki we kalendar ýaşyň arasyndaky tapawudyň ulalmagy bedende çişleriň ir döremek ähtimallygynyň ýokarlanýandygyny görkezdi. Bu baglanyşyk has-da öýken, iýmit siňdiriş ulgamy we ýatgy ragynda aýdyň ýüze çykdy.

– Häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda rak keseliniň näme üçin köpelýändiginiň anyk sebäbini heniz hiç kim bilmeýär. Ýöne bu täze geçirilen derňewler meselä has giňişleýin garamaga kömek edýär we düwnügiň diňe bir bedeniň içindäki kiçijik öýjükleriň bozulmagy däl-de, eýsem tutuş bedeniň umumy ýagdaýy bilen baglanyşykly bir hadysadygyny görkezýär – diýip, «Cancer Grand Challenges» barlag merkeziniň direktory Dewid Skott belleýär.

Gözlegçileriň pikirine görä, alnan netijeler töwekgelçiligi ýokary bolan adamlarda onkologik keselleriň öňüni almak we olary irki basgançaklarda anyklamak işlerini kämilleşdirmäge kömek edip biler.


şu gün 10:53
132

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 23:37
2.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......