Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň, barlagçylar jülgeleriň içinde 30 sany “tozan şeýtanyny” (atmosfera tüweleýini) tapdylar.
Tozan şeýtanlary kiçi tornadolara meňzeýär. Olar ýerüsti gyzan howa çalt ýokary galyp, towlanyp, özi bilen tozandyr çägäni göge göterende emele gelýär. Marsda şeýle gurluşlar esli ululyklara çenli ýetip bilýär: olaryň beýikligi 8 kilometre ýetip we sekuntda 45 metr tizlik bilen hereket edip bilýär.
Ýewropa kosmos agentligi (ESA) suratda tüweleýleriň uzap gidýän gülgüne kölegeli kiçeňräk, açyk sary nokatlar ýaly görünýändigini belleýär. Suratyň uly ölçegli bolany sebäpli olary görmek kyn, şonuň üçin agentlik hemmeleri ünsliliklerini synap görmek we 30 obýektiň hemmesini özbaşdak tapmaga synanyşmak üçin wirtual oýun oýnamaga çagyrdy.
Şonuň bilen ugurdaşlykda Marsda ýene bir möhüm üstünlik hasaba alyndy: NASA-nyň Persevance mars roweri 2021-nji ýylyň fewral aýynda gondurylandan bäri 42,2 kilometrden gowrak ýol geçip, resmi taýdan Ýerden daşarky marafony tamamlady.
Marsyň öwrenilmeginiň tutuş taryhynda diňe bir apparat — bu işi ýerine ýetirmek üçin 11 ýyldan gowrak wagt gerek bolan Opportunity mars roweri şeýle aralygy geçip bilipdir. Şunlukda, Opportunity NASA-nyň ähli rowerleriniň arasynda iň uzak aralygy - 2004-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli işlän döwrüniň dowamynda 45 kilometrden gowrak aralygy geçip, ähli döwürleriň rekordyny goýupdyr.
Ululygy boýunça ýeňil ulaga deňeçer Persevance aslynda bir Mars ýylynyň (takmynan 687 Ýer güni) dowamynda işlemek üçin niýetlenendi. Apparat häzirki wagtda örän gowy tehniki ýagdaýda we onuň energiýa çeşmesi azyndan ýene on ýyllap awtonom işlemek üçin niýetlenendir. Missiýasynyň geljekki möhleti NASA-nyň ýolbaşçylarynyň çykarjak kararyna baglydyr.
Rower häzirki wagtda planetanyň demirgazyk ýarym şaryndaky Ýezero krateriniň sebitinde ylmy maksatnamany ýerine ýetirmegi dowam etdirýär. Gadymy döwürlerde bu sebit durnukly suw işjeňligi bolan köl howdany bolupdyr. Perseverance-iň esasy öwrenýän obýekti üç milliard ýyldan gowrak wagt ozal gadymy derýanyň köle guýýan ýerinde emele gelen ýelpewaç görnüşli çökündi massiwi bolmagynda galýar.

