Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp taýýarladylar. Bu barada Informburo portaly habar berýär.
Taslamany döretmek maksady birnäçe ýyl mundan ozal, talyp gyz Egine Agajanyan öz pikirdeşleri bilen bilelikde mars roweri taýýarlaýan topary döretmek kararyna gelende ýüze çykypdy. Enjamyň ilkinji nusgasy birnäçe aýdan soň gurnaldy we wagt geçdigiçe yzygiderli kämilleşdirildi.
Bu inženerçilik taslamasy eýýäm halkara derejede ykrar edildi. Topar Australian Rover Challenge bäsleşiginiň iň gowy 17 gatnaşyjysynyň we Canadian International Rover Challenge bäsleşiginiň iň gowy 18-liginiň hataryna girmegi başardy. Şunlukda, olar Merkezi Aziýadan şeýle ýokary derejeli ýaryşlara gatnaşan ilkinji topar boldular.
Taslama «Kazsink» kompaniýasy tarapyndan goldanyldy. Häzirki wagtda talyplar mars roweriniň täze nesliniň üstünde işleýärler we dünýäniň öňdebaryjy tehniki ýokary okuw mekdeplerini bir ýere jemleýän Awstraliýadaky nobatdaky inženerçilik bäsleşigine gatnaşmaga taýýarlyk görýärler.

