Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

  • 28.05.2026 17:31
  • 2.8k+

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda (missiýanyň 1797-nji mars güni) alyndy we ol 61 sany aýry-aýry şekiliň birikdirilmeginden ybaratdyr.

NASA-nyň habar bermegine görä, bäşinji ylmy kampaniýanyň dowamynda aparat Marsyň ýüzüniň iň gyzykly künjekleriniň birini öwrenýär. Lac de Charmes diýen ýerde mars roweri Ýezero krateriniň emele gelmezinden ozal dörän bolmagy ähtimal bolan gadymy wulkanik jynslaryny ýüze çykardy.

Arethusa meýdançasynda enjam magmatik minerallary bolan jynslary öwrendi. Alymlar bu maglumatlaryň Marsyň irki geologik taryhyny öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.

Arbot sebitinde Mastcam-Z kamerasynyň kömegi bilen 46 suratdan ybarat bolan täze panorama döredildi. Onda takmynan 3,9 milliard ýyl ozal bolup geçen güýçli meteorit zarbasyndan soň zyňlan äpet jyns bölekleri — megabrekçiýalar görünýär.

«Bu suratlarda, ähtimal, bütin missiýamyzyň dowamynda öwrenjek iň gadymy jynslarymyz görkezilendir» — diýip, missiýanyň ylmy ýolbaşçysynyň orunbasary Ken Farli belledi.

Marsda bäş ýyldan gowrak wagtlap işläp gelýän Perseverance şu wagta çenli takmynan 42 kilometr ýol geçdi. Bu bolsa adaty marafon aralygyna örän golaýdyr.

Taslamanyň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Stiw Li mars roweriniň tehniki ýagdaýynyň guratdygyny we onuň Gyzyl planetanyň ýüzüni barlamaga dowam etjekdigini mälim etdi.


şu gün 11:18
711

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....