SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi.
Täze konsepsiýa görä, "Orion" gämisi öň çak edilişi ýaly Aýyň golaýynda däl-de, Ýer töweregindäki orbitada "Starship" bilen birigýär. Şondan soň "Starship" gämiler toplumyny Ýeriň hemrasyna eltýär. Aý töweregindäki orbitada "Orion" kosmosda galar, "Starship" bolsa Aýyň üstüne gonuş işini ýerine ýetirer.
SpaceX-de bu çemeleşmäniň çylşyrymly manýowrlaryň sanyny azaltmaga, ekipažyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga we orbitalarda ýangyç guýmak zerurlygyny azaltmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar. Şeýle hem, "Starship-iň" Aý wersiýasyna edilmeli birnäçe ýörite düzedişlerden ýüz öwürmek teklip edilýär.
"Artemis 3" missiýasy üçin gäminiň tapgyrlaýyn wersiýasynyň binýadynda döredilen "Starship V3" modifikasiýasyny ulanmak meýilleşdirilýär. Synaglar üstünlikli geçen ýagdaýynda, täze tertip NASA-nyň Aýa amala aşyrjak geljekki adamsyz ekspedisiýalarynyň esasy bolup biler.