2.5k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

2.2k+

Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi

SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi...

3k+

Ilon Mask özüniň SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşýändigini yglan etdi

​Amerikaly telekeçi Ilon Mask özüniň SpaceX kosmos kompaniýasynyň we emeli aň ulgamyndaky xAI startap kompaniýasynyň birleşýändigini yglan etdi, diýlip SpaceX saýtynda habar berilýär. ​Işewüriň aýtmagyna görä, iki kompaniýanyň birleşmegi bir wagtda emeli aň, raketagurluşyk, internet hyzmatlaryny hödürlemek we sosial media bilen meşgullanyp biljek «innowasion maşynyň» peýda bolmagyna getirer...

7.7k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...

3.2k+

SpaceX-iň IPO-syny Maskyň doglan gününe we planetalaryň ýörişine gabatlap geçirjek bolýalar

Financial Times neşiriniň berýän habaryna görä, SpaceX kompaniýasy paýnamalarynyň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegini (IPO) 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryna geçirmegi meýilleşdirýär. Neşirde bu senäniň saýlanyp alynmagynyň sebäbi şol aýda kärhananyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň doglan gününiň, şeýle-de planetalaryň ýörişiniň boljakdygy bilen baglanylýar...

1.2k+

SpaceX kompaniýasy Falcon 9-yň birinji basgançagyny 32-nji gezek uçuryp, rekord goýdy

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda (Aşgabat wagty bilen 9-njy dekabrda 03:26) SpaceX kompaniýasy Group 6-92 missiýasyny ýerine ýetirmek bilen, Starlink hemralarynyň täze toplumyny üstünlikli uçurdy. Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçuryş Falcon 9 raketasynyň B1067 belgili birinji basgançagynyň 32-nji uçuşy boldy we bu yzyna gaýtarylýan basgançaklary gaýtadan ulanmagyň sany boýunça täze rekorddyr...

2.5k+

SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletini yza süýşürdi

Politico neşiriniň alan resminamalaryna görä, SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletiniň azyndan 2028-nji ýylyň ahyryna çenli süýşürilýändigi barada NASA-ny habardar etmegi meýilleşdirýär. Bu Ak tamda göz öňünde tutulandan bir ýyldan gowrak wagt giçdir...

3.3k+

Starlink Hindistanyň çet sebitlerini internete birikdirmäge kömek eder

Hindistanyň Maharaştra ştatynyň häkimiýeti çet we doly üpjün edilmedik sebitlerde hemra internetini işe girizmek üçin Starlink bilen hyzmatdaşlyk etmek islegi barada şertnama baglaşdy. Bu taslama ştat boýunça giň zolakly elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilen “Sanly Maharaştra” maksatnamasynyň bir bölegi bolar...

4.1k+

SpaceX kompaniýasy Starship V2-niň soňky uçuşyndan täsirli kadrlary görkezdi

SpaceX 14-nji oktýabrda bolan Starship V2 raketasynyň soňky synag uçuşyndan täze we örän täsirli kadrlary hödürledi. X sosial ulgamynda ýerleşdirilen wideoda missiýanyň iň esasy tapgyrlary – raketanyň uçuşy, basgançaklaryň bölünip aýrylyşy we suwa gonmazdan öň atmosfera girişi görkezilýär...