Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler

  • 04.02.2026 15:29
  • 8.8k+

Ilon Mask maliýe rekordlaryny täzeden ýazýar. Onuň umumy baýlygy 852 milliard dollara ýetdi we ol kapitaly 800 milliarddan aşan dünýädäki ilkinji ynsan boldy. Bu duýdansyz ösüş SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde ýüze çykdy. Birleşen täze ägirt kompaniýanyň umumy bahasy 1,25 trillion dollar möçberinde bahalandyrylýar.
«Forbes» neşiriniň hasaplamalaryna görä, diňe şu birleşme söwdasyndan Mask 84 milliard dollar girdeji gazandy. Birleşen kompaniýada onuň 43% paýy bar, bu bolsa 542 milliard dollara deňdir. Onuň «Tesla» kompaniýasyndaky 12% paýy 178 milliard dollar hasaplanýar, goşmaça opsiýalarynyň bahasy bolsa 124 milliard dollara ýetýär.
Soňky dört aýyň dowamynda Mask birnäçe maliýe sepgitlerini geçdi. Onuň umumy baýlygy oktýabrda 500 mlrd dollara, noýabr-dekabr aýlarynda - 600 we 700 mlrd dollara, indi bolsa 852 mlrd dollara ýetdi.
Bu görkeziji ony dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orundaky «Google» esaslandyryjysy Larri Peýjden (281 mlrd dollar) üç esse öňe saýlady.
Çaklamalara görä, eger SpaceX kompaniýasy şu ýyl birža çyksa, Ilon Mask 2026-njy ýylyň ahyryna çenli adamzat taryhyndaky ilkinji trillioner bolar.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

06.05.2026 19:44
4.5k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......

30.04.2026 20:03
5.7k+

London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň......

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......