Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

  • 10.05.2026 12:04
  • 1.4k+

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, üýtgedip gurnalandan soň, SpaceXAI atly bitewi gurluş galar.

Bu barada Anthropic bilen hasaplaýyş çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk yglan edilenden soň mälim edildi. Ylalaşyk hakdaky habarda xAI eýýäm  SpaceXAI diýlip atlandyrylandy.

Taraplar Anthropic kompaniýasyna xAI tarapyndan işlenip düzülen Colossus 1 superkompýuterine elýeterliligi üpjün etmek barada ylalaşdylar. Kompaniýa bu ulgamyň emeli aň üçin iň uly we iň çalt ornaşdyrylan superkompýuterleriň biridigini aýtdy.

Mask mundan öň ABŞ-nyň hökümeti bilen düşünişmezlikleriň arasynda Anthropic-i tankytlapdy. Mart aýynda Anthropic xAI-iň Claude dil modellerine elýeterliligini bloklady.

2010-njy ýyllaryň ortalarynda Mask OpenAI-a 1 milliard dollara çenli maýa goýmagy meýilleşdirýärdi, ýöne howpsuzlyk dawalary sebäpli 2018-nji ýylda kompaniýanyň müdiriýetinden çykdy. 2023-nji ýylda ol xAI startapyny esaslandyrdy we şu ýylyň fewral aýynda SpaceX we xAI Holdings kompaniýalaryň birleşýändigini yglan etdi.
 


23.06.2026 08:37
7.1k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.3k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......