Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

  • şu gün 08:37
  • 1.5k+

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam ýaşaýar.

Bu «tüçjar baýlar klubunyň» her gün 20-den gowrak täze agza bilen (ýylda takmynan 7 500 adam) köpelýändigini aňladýar. Dünýä derejesinde bolsa bu görkeziji has ýokarydyr. Oňa görä, her gün dünýäde 89 sany täze multimillioner peýda bolýar we olaryň umumy sany 713 626 adama ýetdi.

Ýewropadaky tüçjar baý raýatlaryň dörtden birinden gowragy üç döwletde — Germaniýada, Beýik Britaniýada we Fransiýada jemlenendir.

Germaniýada 2026-njy ýylda 38 215 adamyň 30 million dollardan gowrak maýasy bar, bu bäş ýyl ozalky görkezijiden 9 273 adam köpdür. Ýurtda her gün ortaça bäş adam bu maliýe sepgidine ýetýär.

Beýik Britaniýada şeýle raýatlaryň sany 27 876 (günde +1,6), Fransiýada — 21 518 (günde +2,1), Şweýsariýada — 17 692 (günde +2,7), Italiýada — 15 433 (günde +1,6) we Ispaniýada — 9 185 (günde +1,5) adama deňdir.

Şweýsariýa we Türkiýe ÝB-niň çäginden daşarda baýlarynyň sany günde azyndan bir adam köpelýän ýeke-täk ýurtlardyr. Polşa (0,9), Çehiýa (0,5) ýa-da Niderlandlar (0,3) ýaly döwletlerde günlük artma has pesdir.

Dünýäde bolsa ABŞ ägirt uly tapawut bilen öňdeligi saklaýar. Häzir ol ýerde 251 352 tüçjar baý adam ýaşaýar. Amerikanyň «baýlar kluby» her gün 37 agza bilen köpelýär (her 90 minutda bir täze multimillioner), bu bolsa tutuş Ýewropanyň görkezijisinden iki esse diýen ýaly köpdür. Ikinji orunda Hytaý (121 677 adam, günde +12,5) durýar. Şeýle hem iň baý onluga Hindistan (günde +4,2) we Awstraliýa (günde +2,2) girýär.

Tüçjar baýlaryň sanynyň tiz artmagy Ýewropadaky düýpli emläk deňsizliginiň täsirinde bolup geçýär. Ýewropa Merkezi bankynyň hasaplamasynda ýewrosebitlerde hojalyklaryň ortaça arassa baýlygy 123 500 ýewro diýlip bellenildi. Emma bu ortaça bahanyň astynda uly tapawut gizlenýär. Ýagny ilatyň aşaky 20 göteriminde bu görkeziji bary-ýogy 2 000 ýewro bolsa, ýokarky 20 göteriminde 1 million ýewrodan geçýär.

Döwletleriň arasynda hem uly deňsizlik bar: bir uly ýaşly adama düşýän ortaça baýlyk Türkiýede 29 923 ýewrodan, Şweýsariýada 634 584 ýewro çenli üýtgeýär, ýagny tapawut takmynan 22 esse.

Bilermenler multimillionerleriň sanynyň artmagy ilatyň umumy abadançylygyny däl, eýsem maýanyň diňe birnäçe adamyň elindedigini aňladýar diýip düşündirýärler.


düýn 08:33
3.2k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.1k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.8k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....