WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

  • 13.05.2026 15:48
  • 2.5k+

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada «The Wall Street Journal» (WSJ) gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Žurnalistleriň maglumatyna görä, heniz durmuşa geçirilmedik bu tehnologiýa, SpaceX-iň şu ýazyň ahyrynda birža çykmagynyň (IPO) öňüsyrasynda maýadarlara hödürleýän esasy teklipleriniň biri boldy. SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask bu taslamany kompaniýanyň ösüşindäki «täze sepgit» diýip atlandyrdy.

Mundan ozal «Google» kompaniýasy «Project Suncatcher» taslamasynyň çäginde 2027-nji ýyla çenli hemra prototiplerini ugratmagy meýilleşdirýändigini yglan edipdi. Kompaniýanyň baş direktory Sundar Piçaý «Google-yň» orbita kiçiräk hasaplaýyş modullaryny ugratmagy, olary synagdan geçirmegi we soňra bu işiň gerimini giňeltmek niýetiniň bardygyny mälim etdi.

WSJ-niň belleýşi ýaly, «Google» enjamlaryny kosmosa çykarmak meselesi boýunça beýleki kompaniýalar bilen hem ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşýar.

Pudak hünärmenleri orbital hasaplamalaryny olar ýer ýüzünde uly meýdan tutýanlygy, üstesine-de aşa kän energiýa sarp edýänligi sebäpli data-sentrlerininiň öwezi hökmünde görýärler. Çaklamalara görä, orbital maglumat merkezleri Gün energiýasynyň hasabyna işläp biler.

Dowam edýän ylalaşyklar durmuşa geçirilen ýagdaýynda, «Google» bilen «SpaceX» ozal bäsdeşlik etmäge taýýarlanan ulgamlarynda, tersine, hyzmatdaşa öwrüler. «Google», ýeri gelende aýtsak, «SpaceX-iň» irki maýadarlarynyň biri. Ol kompaniýanyň 6,1% paýyna eýelik edýär. «Google-yň» ýolbaşçy düzüminiň agzasy Don Harrison bolsa «SpaceX-iň» direktorlar geňeşine girýär.

Ýaňy-ýakynda «SpaceX» IPO (paýnamalaryny açyk satuwa çykarmak) üçin arza beripdi. «Bloomberg»-iň çaklamasyna görä, kompaniýa birža çykanynda onuň bahasy 1,75 trillion dollardan geçip biler, onuň 75 milliard dollara çenli maýa çekmek ähtimallygy bar.


28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......