Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

  • 25.05.2026 10:37
  • 12k+

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär.

Bu mukdara öň tölenen salgytlar, jerimeler we göterimler girýär. Kazyýetiň gelen netijesine görä, häkimiýetler 2011-nji ýylda aýdymçynyň Ispaniýada 183 günden köp bolandygyny subut edip bilmändir. Bu möhlet adamyň Ispaniýada salgyt rezidenti diýlip ykrar edilmegi üçin zerur bolan möhlet.

Kazyýet Şakiranyň Ispaniýada diňe 163 gün bolandygyny tassyklady. Şeýle hem, salgyt edaralarynyň aýdymçynyň futbolçy Žerar Pike bilen bolan gatnaşyklaryny ýurduň onuň durmuş bähbitleriniň merkezi diýlip ykrar edilmegi üçin esas hasaplap boljakdygy baradaky getirilen delilleri ret edildi.

Derňewiň dowamynda artist 2011-nji ýylyň ep-esli bölegini dünýä syýahat çykyşlarynda geçirip, 120 konsert berendigini aýtdy.

Kazyýetiň çözgüdinden soň Şakira işiň netijesini sekiz ýyldan gowrak dowam eden "zalym jemgyýetçilik yzarlamasynyndan" soň adalatlylygyň dikeldilmegi diýip atlandyrdy. Ol şeýle hem prosesiň öz saglygyna we maşgalasyna ýaramaz täsir edendigini mälim etdi.

Ispaniýanyň salgyt gullugy çözgüde garşy şikaýat etmegi meýilleşdirýär we apellýasiýa tamamlanýança serişdeleriň yzyna gaýtarylmajakdygyny habar berdi.

2023-nji ýylda aýdymçy şertli möhlete we 7 million ýewro möçberinde jerime tölemäge razy bolup, salgyt bilen baglanyşykly başga bir işi kadalaşdyrypdy. Ýene bir derňew bolsa subutnamalaryň ýetmezçiligi sebäpli 2024-nji ýylda ýapylypdy.


şu gün 10:46
1.8k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

12.06.2026 07:53
3.2k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

08.06.2026 16:29
4k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....