Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy.
Dabaraly çäre 10-njy iýunda meşhur binagär Antonio Gaudiniň aradan çykan gününiň dogry 100 ýyllygynda geçirildi. Bu ybadathana onuň durmuşynda iň esasy taslama öwrülipdi.
Ybadathananyň ilkinji daşy 1882-nji ýylda goýuldy, Gaudi bolsa bir ýyldan soň gurluşyga ýolbaşçylyk edip başlapdy. Ol 1926-njy ýyldaky aradan çykan wagty meýilleşdirilen 18 sany diňiň diňe biri gurlup gutarylypdy.
Keramatlaşdyrylan Isa pygamberiň diňi ybadathananyň iň beýik nokadydyr. Onuň iň ýokarsyndaky haç bilen bilelikdäki beýikligi 172,5 metre ýetýär. Bu görkeziji netijesinde Barselonanyň Sagrada Familiýa ybadathanasy indi resmi taýdan dünýäniň iň beýik ybadathanasy hasaplanýar.
Bir asyrdan gowrak wagtlap dowam edip gelýän bu ägirt gurluşyk Sagrada Familiýa gaznasy tarapyndan, ýagny adamlaryň berýän haýyr-sahawatlary we syýahatçylara satylýan petekleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Gurluşyk işleriniň geljekki onýyllygyň dowamynda doly tamamlanmagyna garaşylýar.
Indiki tapgyrlarda gurluşykçylar binanyň daşky bezeg elementlerini, dürli heýkelleri gurmagy we ybadathananyň baş girelgesine barýan basgançagy gurmagy tamamlamaly.


