«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

  • 27.05.2026 14:36
  • 5.2k+

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9 milliard ýewro möçberinde kömek pullary bölüp berler.

Bu uly meýilnama ýylyň ahyryna çenli Brýussele tassyklanylmak üçin iberiler diýip, Euronews habar berýär. Hökümet bu taslamanyň kömegi bilen bir tarapdan tebigaty goramagy, beýleki tarapdan bolsa halkyň arasyndaky sosial deňsizligi azaltmagy maksat edinýär.

Meýilnamanyň esasy ugurlary:

Ýaşaýyş jaýlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy (4,7 milliard ýewro): Bu serişdeler durmuş taýdan goragsyz we az girdejili maşgalalaryň jaýlaryny abatlamaga, olaryň energiýa tygşytlylygyny ýoklandyrmaga sarp ediler. Döwlet ähli sebitlerde jaýlary täzelemek medeniýetini döredip, raýatlaryň kommunal çykdajylaryny we binalardan çykýan zyňyndylary azaltmagy göz öňünde tutýar.

Elýeterli we arassa ulaglar (4,3 milliard ýewro): Oba ýerlerinde we şäherlerde ekologik taýdan arassa ulag ulgamy ösdüriler. Şeýle hem köne, tebigaty hapalaýan ulaglary täzelemäge ýardam berler hem-de jemgyýetçilik ulaglarynyň elýeterliligi has-da giňeldiler.

Adalatly we bähbitli özgertme

Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes ekologik özgertmeleriň diňe gurply adamlar üçin däl-de, eýsem tutuş halk üçin elýeterli bolmalydygyny öňe sürýär. Ol:

– Energetika öwürilişigi haçan-da, adalatly bolanda öz maksadyna ýeter. Aslynda adamlar üçin «Sag-aman aýyň ahyryna çenli ýetip bilsem» bilen «Sag-aman asyryň ahyryna çenli ýetip bilsem» diýlen aladalaryň arasynda saýlaw bolmaly däldir – diýip, bu hakynda aýratyn nygtady.

Ispaniýanyň hökümetiniň maglumatyna görä, 2018-nji ýyldan bäri ýurtda atmosferany hapalaýan gazlaryň mukdary 19% azaldy. Şol bir wagtda elektrik energiýasyny öndürmekde gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň (ýel we Gün energiýasynyň) paýy 39%-den 56%-e çenli ýokarlanmagy başardy. Bu bolsa ekologik özgertmeleriň ykdysady ösüşe zyýan ýetirmeýändigini subut edýär.


12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....