Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

  • 26.05.2026 00:48
  • 3.2k+

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda galjak neberelerine jemi 6,4 trillion ýewro möçberinde ägirt uly miras galdyrarlar.

Bu ýagdaý Italiýany täze bir ykdysady şerte getirýär. Oňa görä, indi ýurtda adamlaryň maddy durnuklylygy olaryň aýlygyna ýa-da karýerasyna däl-de, eýsem maşgala mirasynyň möçberine bagly bolar. Häzirki wagtda ýaşlar durnuksuz iş orunlary we kireýine jaýlaryň gymmatlygy bilen ýüzbe-ýüz bolsalar-da, ýurtda durmuş durnuklylygy uly nesliň kömegi arkaly saklanyp galýar.

Hünärmenler Italiýanyň esasy meselesiniň ýurtda puluň ýoklugynda däl-de, eýsem şol puluň kimleriň elinde we nähili ulanylýandadygyny belleýärler. Häzirki wagtda ägirt uly pullar we baýlyklar pensionerleriň hem-de «bumer» nesliniň elinde jemlenen. Bu adamlar ömürboýy pul tygşytlamaga, gozgalmaýan emläge maýa goýmaga we töwekgelçilikden gorup ýaşamaga öwrenişipdirler. Şonuň üçin hem pullar bank hasaplarynda, obligasiýalarda, öýlerde, hatda göni manyda «ýassygyň aşagynda» ýgynalgy we hiç hili dolanyşyga girenok.

– Ýurtda ykdysady däl-de, eýsem geljek barada anyk düşünjesi bolmadyk, diňe inersiýa boýunça ýaşap ýören jemgyýetçilik çökgünligi bar – diýip, «Censis» barlag institutynyň esaslandyryjysy Juziýeppe De Rita düşündirýär.

Ýurtda ilatyň çalt garalmagy sebäpli, ýakyn ýyllarda ýeke ýaşaýan garry adamlaryň sany 4,6 milliondan 6,5 milliona çenli köpeler. Bu ýagdaý lukmançylyk, durmuş we maliýe pudagynda täze bazarlary döredýär. Meselem, garry müşderileriň öz pullaryny has bähbitli görýän garaşsyz maliýe geňeşçilerine ynanmagy saýlaýandyklary sebäpli, soňky 10 ýylda adaty banklar maşgala maýalaryny dolandurmak bazarynyň 10%-ini ýitirdiler.


şu gün 18:40
1.7k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

10.06.2026 08:53
3.6k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

27.05.2026 10:41
3.1k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......