Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

  • 10.06.2026 08:53
  • 3.7k+

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär.

Gözleg işlerini «Eurac» mumiýalary öwreniş institutynyň hünärmenler topary geçirdi. Mikrobiolog Mohamed Sarhanyň aýtmagyna görä, alymlar adaty gury maýa ýaly, takmynan, 24 sagatda çişýän ýokary hilli hamyry almagy başardy.

«Biz hakykatdan hem gowy hamyr taýýarladyk. Men öň hiç wagt çörek bişirip görmändim, bu hem bildirtdi. Ýogsam, netije has hem gowy bolup bilerdi. Biz bu gözlegi dowam etdirmek we oňa azyk pudagyndan ýöriteleşdirilen gözleg toparlaryny çekmek isleýäris» – diýip, Sarhan gürrüň berýär.

Mumiýa Etsi 1991-nji ýylda eräp barýan buzlukdan tapylypdy we häzirki wagtda minus 6 gradus temperaturada saklanýar. Onuň mikrobiomyny öwrenmek işleri 2019-njy ýylda başlandy. Gözlegçiler mumiýanyň derisinde, dokumalarynda we içki organlarynda tapylan mikroorganizmleri seljerdi, şeýle hem olary tapylan ýerindäki toprak we buz nusgalary bilen deňeşdirdi.

Işleriň dowamynda sowuga durnukly maýanyň dört görnüşini täzeden janlandyrmak başartdy. Olar ilkibaşda un gurşawyna kynlyk bilen uýgunlaşdy, ýöne uzak wagtlap geçirilen synaglardan soň, gözlegçiler durnukly hamyrmaýany almagy başardy.

Alymlaryň pikiriçe, bu mikroorganizmler ýa bäş müň ýyldan gowrak wagtlap buzuň içinde uky ýagdaýynda saklanypdyr, ýa-da adam aradan çykandan biraz wagt soň onuň bedeninde peýda bolan kömelejikleriň nesilleridir.


düýn 16:55
8.5k+

ÝB derňewçileri Türkiýä bikanun barýan 4,2 müň tonna dokma galyndysynyň öňüni aldylar

Ýewropanyň galplyga garşy göreş baradaky müdiriýeti (OLAF) Italiýanyň karabinerleri we Türkiýäniň gümrük edaralary bilen bilelikde Italiýadan Türkiýä bikanun ýol bilen äkidilip barylýan 4,2 müň tonna tekstil......

28.06.2026 23:54
4k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......