Ýewropanyň galplyga garşy göreş baradaky müdiriýeti (OLAF) Italiýanyň karabinerleri we Türkiýäniň gümrük edaralary bilen bilelikde Italiýadan Türkiýä bikanun ýol bilen äkidilip barylýan 4,2 müň tonna tekstil galyndysyny saklady.
Derňewiň maglumatyna görä, daşky gurşawy goramak talaplaryndan sypmak we galyndylary ýok etmegiň çykdajylaryny azaltmak üçin ýükleriň bellikleri bilgeşleýin ýalňyş görkezilipdir.
Geçirilýän barlaglar örän berk düzgün bilen gaýtadan işlenilmeli we düzüminde akril süýümleri agdyk bolan galyndylara degişlidir. Müdiriýet söwda we gümrük maglumatlaryny seljerensoň, Türkiýäniň häkimiýetlerine duýduryş berdi we netijede şübheli ýükler anyklanyldy.
Bilelikdäki barlaglaryň dowamynda gözegçiler Türkiýäniň ekologiýa kanunçylygyny bozan bir kärhananyň ammaryndan ýene-de 2,1 müň tonna töweregi dokma galyndysyny tapdylar. Mundan başga-da, Mersin portunda Italiýadan getirilen we üstüne ýalňyş ýazgy ýazylan 768 tonna galyndy saklandy.
– Käbir dokma galyndylaryny gaýtadan işlemegiň çykdajylaryndan ýa-da ekologiýa talaplaryndan bikanun sypmaga şert döredýän şeýle meýilnamalar guramaçylykly toparlara bikanun girdeji gazanmaga mümkinçilik berýär – diýip, OLAF-yň baş direktory Petr Klement mälim etdi.
Italiýada bu iş boýunça Breşiýa şäherindäki bir söwda toplumynda derňewler geçirildi. Hukuk goraýjy edaralar kompaniýanyň emlägini, ýük daşamakda ulanylan furgon ulaglaryny, şeýle hem takmyndan 12 million ýewro möçberindäki maliýe serişdelerini gorag astyna aldylar.
Bu derňewlerden ugur alyp, Fransiýa we ÝB-niň ýene dört döwleti Ýewrokomissiýany «ultra-çalt moda» (ultra-fast fashion) bazaryna gözegçiligi güýçlendirmäge, onlaýn platformalary has içgin barlamaga we dokma galyndylaryny azaltmak çärelerini giňeltmäge çagyrdy. Euronewsyň habar bermegine görä, degişli resminamada bu ýurtlar Hytaýyň «Shein» we «Temu» ýaly onlaýn söwda platformalaryndan Ýewropa gelýän örän köp mukdardaky arzan harytlardan uly alada edýändiklerini ýaňzydýarlar.