Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany 1430 adama ýetdi, azyndan 68 900 adam bolsa dereksiz ýiten diýlip hasaplanylýar. Jemi 3142 maşgala bolsa öýsüz-öwzarsyz galdy.
Ýer titremesi 24-nji iýun agşamy bir minutdan hem az wagt aralygynda 7,2 we 7,5 magnitudaly güýçde ýüze çykdy.
Ilkinji sarsgynlar ýurduň demirgazyk-günbataryndaky San-Felipe şäherinden 24 kilometr gündogarda, ýerli wagt bilen sagat 18:04-de (Aşgabat wagty bilen 25-nji iýun sagat 03:04-de) hasaba alyndy.
Ýer titremesiniň ojagy 21,9 kilometr çuňlukda ýerleşdi. Şondan 39 sekunt geçenden soň, birnäçe kilometr demirgazykda has güýçli ikinji ýer titremesi boldy. Onuň merkezi nokady Moron şäherinden 16 km uzaklykda, ojagy bolsa bary-ýogy 10 kilometr çuňlukda boldy.
Moron şäheri Wenesuelanyň paýtagty Karakasdan takmyndan 168 km uzaklykda ýerleşýär.
Tebigy hadysadan iň güýçli ejir çeken sebit La-Guaýra ştaty boldy, bu ýerde Karakasyň halkara aeroporty we möhüm deňiz porty ýerleşýär.
Häzirki wagta çenli ýurda 17 sany uçar beýleki döwletlerden halas edijileri daşady.
Şunlukda, ABŞ 150 million dollar maliýe kömegini bermegi yglan etdi. Bu puluň 50 million dollary ynsanperwer guramalara, galan 100 million dollary bolsa BMG-niň Ynsanperwer meselelerini utgaşdyrmak müdiriýetiniň gaznasyna iberiler. Mundan başga-da, Wenesuela Wirjiniýa we Kaliforniýa ştatlaryndan gözleg-halas ediş toparlary ugradyldy. Waşington ynsanperwer kömekleri amala aşyrmak üçin Wenesuela garşy girizilen çäklendirme düzgünlerini hem wagtlaýyn ýeňilleşdirdi.
Ýewropa Bileleşigi 5 million ýewro pul bölüp berdi we raýat goranyş gurluşyny işe girizdi. Ýurda gözleg-halas ediş toparlary, ýangyn söndürijiler we lukmançylyk işgärleri iberildi, şeýle hem «Copernicus» emeli hemra ulgamy tebigy betbagtçylygyň netijelerini bahalandyrmaga we halas ediş işlerini utgaşdyrmaga kömek edýär.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tebigy betbagtçylygyň netijelerini aradan aýyrmak baradaky tagallalary doly goldaýandygyny bildirdi. Gyssagly kömek hökmünde Adatdan daşary ýagdaýlara garşy hereket etmegiň merkezi gaznasyndan 15 million dollar bölündi. BMG-niň maglumatlaryna görä, Wenesuela jemi 1600-den gowrak hünärmenden we 100 sany gözleg itinden ybarat bolan 30-a golaý halkara gözleg-halas ediş topary ugradyldy.
Wenesuelanyň Prezidentiniň ygtyýarly wekili Delsi Rodrigesiň aýtmagyna görä, lukmanlar eýýäm 12 müňden gowrak göçme geňeşleri geçirdiler, 5 müňden gowrak adam bolsa ilkinji lukmançylyk barlag nokatlarynda kömek aldy. Öýsüz galan maşgalalar üçin wagtlaýyn düşelgeler guraldy.



