ÝB smartfon öndürijileriň önümleriniň hyzmat möhletini görkezmeklerini isleýär

  • düýn 07:48
  • 1.6k+

Ýewropa komissiýasy smartfon we beýleki elektronika öndürijilerini önümleriň belliklerinde olaryň çaklanan hyzmat möhletini we bejerimäge degişlidigini görkezmäge borçly etmegi teklip etdi. Bu başlangyç satyn alyjylara has uzak möhletleýin harytlary saýlamaga kömek etmek we galyndylaryň möçberini azaltmak maksady bilen edilýär.

Täze markalama düzgünleri ykjam telefonlara, beýleki elektronika we awtoulag şinalaryna degişli bolar. Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Teresa Riberanyň sözlerine görä, bu üýtgeşmeler markalama ulgamyny sanly döwre uýgunlaşdyrar we maglumatlary sarp edijiler üçin has düşnükli eder.

Çäreler toplumy dükanlarda kagyz ýarlyklaryň deregine elektron displeýleri ulanmaga mümkinçilik berýär. Önümleriň bir bölegi üçin maglumatlar tehniki resminamalardaky QR-kodlar arkaly ýerleşdirilip bilner.

Düzgünleriň käbir bentleri uzak aralykdan satyn almalara we alyjynyň harydy görmänkä geleşik baglaşýan ýagdaýlaryna degişlidir. Şeýle ýagdaýlarda energiýa netijeliligi baradaky maglumat öňünden berilmelidir.

Bazary gözegçilikde saklamagyň esasy hökmünde 2 milliondan gowrak haryt baradaky maglumatlary özünde jemleýän EPREL sanly reýestri ulanylar. Ýewropa komissiýasy bu çäreleriň toplumynyň geljek on ýylyň dowamynda telekeçilik we gözegçilik edaralaryna ýylsaýyn 125 million ýewro çenli serişdäni tygşytlamaga mümkinçilik berjekdigine ynanýar.


19.06.2026 19:38
665

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

14.06.2026 14:04
3.8k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......