ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

  • düýn 14:04
  • 3.3k+

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi.

Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň mälim etmegine görä, täze düzgünler daşarky serhetleriň has ygtybarly goralmagyny, döwletleriň arasynda jogapkärçiligiň adalatly paýlanmagyny hem-de migranatlara gaçybatalga bermek we olary yzyna gaýtarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy üpjün etmelidir.

Pakt bikanun migrantlaryň hökmany suratda hasaba alynmagyny we howpsuzlyk barlagyndan geçirilmegine, serhet duralgalaryndaky amallaryň çaltlandyrylmagyna we halkara goragyny bermekden ýüz öwrülen şahsyýetleri ýurtdan çykarmagyň (deport etmegiň) has berk guralynyň döredilmegine esas berýär. Şeýle hem pktdan ugur alnyp, gaçybatalga almak üçin berilýän arzalara garamak möhletleri gysgaldylar we gaýtadan ýüz tutmalara garşy çäreler güýçlendiriler.

Ýewrokomissiýanyň soňky maglumatlarynda ÝB-niň serhetlerinden bikanun geçmek ýagdaýynyň eýýäm iki ýyl mundan ozalky görkezijiler bilen deňeşdirilende 55% azalandygy bellenilýär.


12.06.2026 01:36
5.5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......