Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

  • 02.06.2026 11:16
  • 2.3k+

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň, aýratyn-da ýaşlaryň uly gyzyklanmasyny gazandy.

Çäräni Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalary bilelikde gurady. Festiwala diplomatlar, şeýle hem ÝB-niň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän halkara taslamalarynyň we maksatnamalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň resmi bölegini Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa açdy. Ol bu baýramyň çuňňur many-mazmunyny belläp, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini aýratyn nygtady.

Şu günki festiwal Ýewropa we türkmen medeniýetiniň ýakynlaşmagy üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmen halysy köp sanly berk sapaklardan dokalyşy ýaly, Ýewropada-da dürli diller, medeni ugurlar we milli däp-dessurlar jemlenendir. “Ýewropa syýahaty” atly bu çäre türkmen we ýewropa halklaryny biri-birine has-da ýakynlaşdyryp, olary türkmen halysynyň çitimlerine meňzeş berk baglar bilen birleşdirer diýip umyt edýärin – diýip, Beata Peksa öz çykyşynda belledi.

Festiwalyň merkezi bölegini Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky maksatnamalary we başlangyçlary görkezilýän sergi zolagy emele getirdi. Çärä gelen myhmanlar durmuşa geçirilýän taslamalar bilen tanyşmaga, maglumat almaga hem-de dürli interaktiw oýunlara we bäsleşiklere gatnaşmaga mümkinçilik gazandy.

«Ýewropa syýahaty» atly interaktiw kwest aýratyn ünsi çekdi. Toplumyň çäginde ÝB-niň 27 agza döwletiniň hersine bagyşlanan ýörite tematik nokatlar ýerleşdirildi. Gatnaşyjylar geografiýa, taryh we medeniýet boýunça sowallara jogap berip, özleriniň ýörite «pasportlaryna» degişli bellikleri goýdurdy.

Günüň dowamynda çäre geçirilýän meýdançada owadan ýewropa we türkmen sazlary ýaňlandy.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......