Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

  • düýn 22:11
  • 792

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Çäreleriň iň esasysy «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde agzybirligiň we medeni galkynyşyň sesi» atly maslahat boldy.

Bu forum Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda ilçileriň, diplomatlaryň, şahyryň döredijiligini öwreniji alymlaryň, medeniýet işgärleriniň we jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda guraldy.

Maslahatda Medeniýet institutynyň prezidenti, Türkmenistanyň ilçisi, Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň taryh professory, Eýrandaky «Türkmen medeniýet öýi» sungat institutynyň direktory we edebiýatşynaslar çykyş etdi.

Gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ähmiýetini, onuň milli we dünýä edebiýatyndaky ornuny, pelsepewi garaýyşlaryny, şeýle hem eserlerinde beýan edilýän watançylyk, agzybirlik, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşdy. Çäräniň dowamynda şahyr baradaky wideoýazgylar hem görkezildi.

Mundan başga-da, 16-njy iýunda Harezmi uniwersitetinde aýratyn medeni çäre geçirildi. Oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada çykyş etdi, şahyryň goşgularyny okady, onuň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi hem-de türkmen medeniýetine, sungatyna we edebiýatyna bagyşlanan sahna çykyşlaryny görkezdi.


düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......