«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

  • şu gün 09:53
  • 396

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere jemleýär.

Festiwalyň maksatnamasyna 30-a golaý film girizildi. Doly metražly filmleriň bäsleşiginde alty sany ekran eseri görkeziler, olaryň arasynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň bilelikde öndüren «Magtymguly Pyragy» filmi hem bar (režissýory Muzaffarhan Erkinow).

Filmlere Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Eýrandan, Wengriýadan we Russiýadan bolan hünärmenlerden ybarat halkara eminler topary baha berýär.

Festiwalyň çäklerinde gysga metražly filmleriň bäsleşigi, çagalar üçin görkezilişler, ussatlyk sapaklary, hünär duşuşyklary we ýörite kino görkezilişleri meýilleşdirildi.

Bu medeni çäre Russiýanyň Halklarynyň agzybirligi ýylyna (2026) bagyşlanyp, onuň esasy maksady kino sungaty arkaly milletara ylalaşygy berkitmekden, etnik dürlüligi gorap saklamakdan we medeni mirasy giňden wagyz etmekden ybaratdyr.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 19-njy iýunda Ýakow Eşpaý adyndaky Mariý döwlet filarmoniýasynda geçiriler.


şu gün 09:56
471

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 11:26
2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
3.9k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......

düýn 10:39
2.4k+

«Obsessiýa» gorkuly filmi prokatda $265 million toplady — ony düşürmek üçin bary-ýogy $750 müň çykypdy

«Obsessiýa» ("Обсессия") atly horror filminiň bäşinji hepdäniň jemleri boýunça dünýä prokatyndaky girdejisi 265 million dollara ýetdi. Film ABŞ-nyň prokatynda ikinji orny saklap, «Älemiň hökümdarlary»......