"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar.
2006-njy ýylda çykan asyl film 326,5 million dollar girdeji gazandy. 2026-njy ýylyň maý aýynda çykan dowamy 676 million dollar gazandy. Marketing çykdajylary bilen birlikde sikweliň býujeti 180 million dollar boldy.
Iki filmde hem Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi dagy surata düşdüler. Wakalar ýokary moda dünýäsinde, "Runway" žurnalynyň we onuň režissýory Miranda Pristliniň töwereginde ýaýbaňlanýar.
Iki filmiň hem režissýory Dewid Frenkel. Filmiň edebi esasy Loren Waýsbergeriň 2003-nji ýyldaky romany esasynda döredildi.