Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada gürrüň berýär. Filmde baş keşbi aktýor Mark Eydelşteýn janlandyrdy.
Kino eseri 2000-nji ýyllaryň başynda Puankare gipotezasyny subut eden alymyň durmuşyna bagyşlanýar. Perelmana 2010-njy ýylda bu açyşy üçin 1 million dollar möçberinde pul baýragy berildi, emma ol «guramaçylykly matematik jemgyýet bilen ylalaşmaýandygy» sebäpli bu puldan ýüz öwürdi.
Gysga wideoda garly Peterburgyň keşbi açylýar. Mundan bir ýyl öň Eydelşteýni şäheriň merkezindäki surata düşüriliş meýdançalarynda sakally görendiklerinden çen tutsak, filmde matematigiň bütindünýä şöhratyny gazanan kämillik döwri hem görkeziler.
Baş keşbi janlandyran Mark Eydelşteýn mundan ozal «Kemençe» («Смычок») serialy arkaly tanalypdy, 2024-nji ýylda bolsa režissýor Şon Beýkeriň «Oskar» baýragyny alan amerikan «Anora» filminde surata düşdi.
«Witrindäki nusga» filminiň ilkinji görkezilişi şu tomus geçiriljek kinofestiwallaryň birinde bolar. Kinoteatrlarda bolsa filmi indiki ýyl görkezip başlarlar.