Warner Bros. «Mortal Kombat 2» filminiň treýlerini ýaýratdy
Warner Bros. kinokompaniýasy özüniň YouTube kanalynda «Mortal Kombat 2» filminiň täze treýlerini çap etdi. Filmiň dünýä premýerasy 8-nji maýa meýilleşdirilýär. Filmiň sýužeti 2021-nji ýyldaky birinji bölümiň dowamy bolup, ol Ýeriň çempionlary bilen onunjy ýaryş başlamazyndan ozal goragçylary ýok etmäge synanyşýan Şan Szunyň arasyndaky garşylygy görkezmäge gönükdirilendir...