Warner Bros. «Mortal Kombat 2» filminiň treýlerini ýaýratdy

  • 27.02.2026 12:29
  • 3.5k+

Warner Bros. kinokompaniýasy özüniň YouTube kanalynda «Mortal Kombat 2» filminiň täze treýlerini çap etdi. Filmiň dünýä premýerasy 8-nji maýa meýilleşdirilýär.

Filmiň sýužeti 2021-nji ýyldaky birinji bölümiň dowamy bolup, ol Ýeriň çempionlary bilen onunjy ýaryş başlamazyndan ozal goragçylary ýok etmäge synanyşýan Şan Szunyň arasyndaky garşylygy görkezmäge gönükdirilendir.
Resmi sinopsisde aýdylmagyna görä, «Bu gezek muşdaklaryň söýgüli çempionlary — olara meşhur Jonni Keýjiň özi hem goşulýar — Ýer şalygynyň we onuň goragçylarynyň barlygyna wehim salýan Şao Kanyň garaňky häkimiýetini saklamak üçin soňky, kadasyz, ganly we rehimsiz söweşde ýüzbe-ýüz bolýarlar».
Filmiň režisýory Saýmon Makkuoýd boldy. Ssenariçi Jeremi Sleýteriň aýtmagyna görä, dowam edýän bu bölümde doly derejeli turnir görkeziler.
Aktýorlar düzümine Karl Urban, Ludi Lin, Mikad Bruks, Jessika MakNemi we Çin Han ýaly meşhurlar girdi. Olara Adelina Rudolf, Tati Gabriel, Deýmon Herriman we Martin Ford hem goşuldy. Franşizanyň öňki bölümi döredijilere 84,4 million dollar girdeji getiripdi.


21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

08.05.2026 22:18
2.5k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......