Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

  • 04.05.2026 11:00
  • 1.7k+

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat 13:00-da başlanar diýip, THP habar berýär.

Ýokary okuw mekdebiniň jemgyýetçilik torlarynda berilýän maglumata görä, kino görkezilişi uniwersitet tarapyndan Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kinematografiýa baş müdürligi bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Tomaşaçylara türkmen režissýorlarynyň ýurduň medeni we çeperçilik aýratynlyklaryny açyp görkezýän gysga metražly filmleriniň toplumy hödürlener. Görkezilişiň guralmagy türkmen kinematografiýasyny daşary ýurtlarda tanatmaga we medeni dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Çäräniň maksatnamasyna şu filmler girizildi:

  • «Gysga ýol» — Serdar Durdyýew
  • «Mähir terbiýesi» — Mekan Gurbanalyýew
  • «Meniň oýnum» — Röwşen Welmiýew
  • «Oýunda bilelikde» — Mekan Gurbanalyýew
  • «Tebigatyň ýylgyran ýüzi» — Mämmet Hojagulyýew
  • «Tikenjik, mymyjak, bagyşla» — Röwşen Welmiýew
  • «Ýeňişli ädimler» — Batyr Batyrow

şu gün 10:55
4.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

şu gün 07:46
1k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....