Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine salgylanýan RIA Nowosti habar berýär.
Dronlar ýolagçylardan iň köp şikaýat gelýän ýerlerde işledilýär. Häkimiýet dronlaryň kömegi bilen, ýol düzgünlerini bozmakda öň göze düşen sürüjileriň awtoulag belgilerini bellige alýarlar.
Tehnikany ulanmak kararyna gelinmegi müşderileriň, esasanam syýahatçylaryň arz bilen ýüz tutmalarynyň artmagy sebäplidir. Ýolagçylar sürüjileriň, köplenç, gysga aralyklara gitmekden ýüz öwürýändiginden ýa-da hasaplaýjyny açmaýandygyndan şikaýat edýärler.