Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu başlangyjyň esasy maksady, ýolagçylary uçardan ewakuasiýa edilýän wagty el goşlaryny doly taşlamaga çagyrmakdan ybaratdyr.
Bu kampaniýany Ýewropanyň uçuş howpsuzlygy agentligi (EASA) we ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy (FAA) ýaly awiasiýa gözegçilik edaralary resmi taýdan goldady. Ýolagçylara ewakuasiýa wagty ekipažyň talaplaryny gürrüňsiz ýerine ýetirmek, ähli şahsy goşlary uçarda galdyrmak we mümkin boldugyça çaltlyk bilen iň ýakyn çykyş gapysyna barmak ýaly hökman berjaý ediläýmeli buýruklar ýatladyldy.
IATA-nyň Baş direktory Willi Uolş meseläniň möhümdigine ünsi çekdi we: «Ewakuasiýa wagty goşuňy alyp çykmak, ownuk zat däl. Beýle wagtda her sekunt möhümdir. Hatda bir çemodan hem bortdaky adamlaryň ewakuasiýasynyň howpsuzlygyna päsgel berip biler. Ekipažyň görkezmeleri ýönekeý we düşnükli: ähli goşlaryňy taşlap, uçardan derhal çykmaly. «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» – bu ýolagçylaryň düşünmeli we berjaý etmeli esasy ýörelgesidir» diýdi.
Bu maksatnamanyň işe girizilmegine ýolagçylaryň gyssagly ýagdaýlarda şahsy goşlaryny ýygnamak ýa-da ýagdaýy wideo düşürmek bilen wagtyny biderek geçirmeginiň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy sebäp boldy. Bu ýagdaýlar internetdäki wideolarda hem yzygiderli tassyklanylýar.
IATA-nyň statistikasynyň we barlaglarynyň netijeleri
Kampaniýa başlanmazdan ozal, assosiasiýa ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Singapuryň ýolagçylarynyň arasynda sorag-jogap geçirdi. Barlaglar adamlaryň özüni alyp barşynda uly kemçilikleriň bardygyny görkezdi:
80% sorag berlenler ewakuasiýa düzgünlerini bilýändigini aýtdylar.
Ýöne olaryň diňe 61%-i «Goşlary taşlap, uçardan derrew çykmak gerek» diýen dogry jogaby berip bildi.
Gatnaşyjylaryň 33%-i ewakuasiýa wagty goşlaryny alyp çykan adamlar barada eşidendigini, 22%-i bolsa özleriniň hem şeýle etjekdigini boýun aldylar.
Diňe 18% sorag berlenler ewakuasiýa düzgüniniň bary-ýogy 90 sekunt üçin niýetlenendigini bilýär. Şol bir wagtyň özünde 38% adam muňa üç minut ýa-da ondan köp wagt sarp edip bolýar diýip ýalňyş pikirlenýär.
10% (her onunjy adam) ekipažyň berk gadaganlygyna garamazdan, goşlaryny alyp çykjakdygyny ýa-da başgalaryň yzyna eýerjekdigini aýtdy.
60% adam iň möhüm resminamalary öz ýanynda bolsa, goşlaryny galdyrmaga taýýardyklaryny bellediler.
EASA-nyň ýerine ýetiriji direktory Florian Gilýerme hem: «Uçardan gyssagly ýagdaýda dessin çykarylmak janyňy halas edýär. Uçarlar pugta ewakuasiýa şertlerine laýyklykda sertifikatlanýar, ekipažlar bolsa her bir ýolagça iň ýokary halas bolmak mümkinçiligini bermek üçin ýörite taýýarlyk geçýärler. Ýöne hakyky ýagdaýda munuň işlemegi üçin, ýolagçylar hem öz borjuny ýerine ýetirmeli. Ol örän ýönekeý: ekipažyň görkezmelerine eýeriň, ähli goşuňyzy taşlaň we iň ýakyn çykyş gapysyna tarap derrew ýetjek boluň. Bu diňe siziň janyňyzy halas etmän, eýsem beýleki adamlaryň hem howpdan sowulmagyna kömek eder» diýip, aýdylanlaryň üstüne goşýar.