Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

  • 28.05.2026 23:41
  • 5.4k+

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady ýokdur.

​Ýolagçylar ulaga münen wagty onuň nirä gitjekdigini öňünden bilmeýärler. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu taslamanyň maksady adamlaryň gündelik birsydyrgyn durmuşyna garaşylmadyk, adaty däl pursatlary goşmak we olary birsyhly ýaşaýyş kadasyndan çykarmakdyr.

​Bu geň awtobus 30-njy aprel bilen 16-njy maý aralygynda hepdede üç gatnawy amala aşyrdy. EDnews neşiri öz maglumatynlarynda taslamanyň jemgyýetde örän uly gyzyklanma döredendigini belleýär. Käte awtobusuň ugraýan ýerinde oňa münmek isläp, garaşýanlaryň sanynyň 100-e ýetýän wagty-da bolýar.


15.06.2026 18:40
6.1k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

11.06.2026 07:37
5.5k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

10.06.2026 10:55
7.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....