Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

  • şu gün 18:40
  • 1k+

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli teleradiokompaniýasy habar berýär.

Sesleri sanamagyň netijesi boýunça, ses bermäge gatnaşanlaryň 54,8%-i bu teklibe garşy çykdy.

Bu başlangyç 2024-nji ýylda Şweýsariýanyň Halk partiýasy tarapyndan öňe sürlüpdi we ol ilatyň ösüşini 2050-nji ýyla çenli çäklendirmegi göz öňünde tutýardy.

Teklibiň awtorlary ilatyň köpelmeginiň infrastruktura, ýaşaýyş jaý bazaryna we sosial gurşawa goşmaça agram salýandygyny öňe sürüpdi. Olar bellenen çäkden geçilen ýagdaýynda, Ýewropa Bileleşigi bilen erkin hereket etmek baradaky ylalaşygy ýatyrmagy teklip edipdi.

Bu başlangyja garşy çykanlar bolsa munuň ykdysadyýete, zähmet bazaryna we Şweýsariýanyň ÝB bilen gatnaşyklaryna ýaramaz täsir edip biljekdigi barada duýdurdy. Ýurduň hökümeti we parlamenti hem bu teklibi ret etmegi maslahat berdi.

Referendum degişli şikaýat arzasyny 100 müňden gowrak raýat goldanyndan soňra bellenildi. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolan maglumatlara görä, Şweýsariýanyň ilatynyň sany 9,1 million adama barabar.


şu gün 19:47
182

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:12
3.9k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......