Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres bilen göreşmäge, iýmitleniş kadasyny gözegçilikde saklamaga we giçden soň artykmaç iýmitlenmekden gaça durmaga kömek edýändigi aýdylýar.
The Korea Times gazetiniň bellemegine görä, bu saýtlar iýmit eltip bermek hyzmatlarynyň maksatnamasy boýunça işleýär. Meselem, gije sagat 2-de 25 ýaşly ofis işgäri Kim göräýmäge iýmit eltip berýän goşunda meňzeş saýty açýar, menýudan isleýän tagamlaryny saýlaýar, olary sebedine goşýar we sargyt etmegiň ähli talaplaryny ýerine ýetirýär.
– Mende dogrudan hem bir zat sargyt edenimdäki ýaly duýgy döreýär we bu öň bar bolan stresi azda-kände kemeldýär — diýip, Kim täsin endigiň gije iýmit iýmäge bolan höwesini ýeňmäge kömek edişini özüçe düşündirýär. Elbetde bu ýagdaýda hakyky söwda amala aşyrylmaýar.
Platformalaryň käbirinde hakyky goşundyny ulanýan ýaly duýgy döretmek üçin reýtingler, çak edilen eltip berme möhletleri we beýleki elementler hem bar. Şeýle hem, ýokardaky kysmy, hakyky çilim çekmän, ýöne bilelikde çilim çekýän ýaly bolup görünmäge kömek edýän hyzmatlar hem bar.
Şonuň ýaly-da, «mokbang» formaty – alyp baryjylaryň köp mukdarda iýmit iýýän onlaýn gepleşikleri hem uly meşhurlykdan peýdalanýar. Şeýle wideolary görmegiň tomaşaçylara hakykatda iýmit iýmezden, açlygyny bölekleýin kanagatlandyrmaga kömek edýändigi-de tassyklanylýar.