Gazagystanda Merkezi Aziýada ilkinji bolup eVTOL aerotaksisi synagdan geçirildi

  • 21.05.2026 08:57
  • 3.4k+

Gazagystanyň Almaty şäheriniň golaýyndaky Alatau şäherinde Merkezi Aziýada ilkinji gezek eVTOL aerotaksisiniň synag uçuşy geçirildi. Synag uçuşy howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda ýolagçysyz amala aşyryldy.

Bu uçuş enjamy uçarman bilen bilelikde alty adama niýetlenip, tizligini sagatda 200 kilometre çenli ýetirmäge we bir gezekki zarýady bilen tas 200 km aralygy geçmäge ukyplydyr. Elektrotaksi 13 sany hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan bolup, olaryň bir bölegi dik uçuşa, galan bölegi bolsa kese uçuşa jogap berýär. Şeýle ulgam hereketlendirijileriň biri ýa-da birnäçesi hatardan çykan ýagdaýynda hem dolandyryşy saklamaga mümkinçilik berýär.

Sebitiň häkimliginiň pikiriçe, bu howa ulgamy Almaty şäheriniň ýollaryna düşýän ýüki azaltmaga we ýol wagtyny gysgaltmaga kömek eder. Hasaplamalara görä, Almaty howa menzilinden Medeo çenli aralyk täze ulag bilen bary-ýogy 10–12 minut alar.

«Şu gün Gazagystan diňe bir global tehnologik üýtgeşmeleri synlamak bilen çäklenmeýär, eýsem olaryň işjeň gatnaşyjysyna hem öwrülýär» – diýip, Almaty oblastynyň häkimi Marat Sultangaziýew belledi.

Alatau şäherinde zarýad beriş we nawigasiýa ulgamlary bolan ilkinji wertiportuň gurluşygy eýýäm başlandy. Geljekde şeýle meýdançalaryň ulgamyny Alatauda, Almatyda we Almaty oblastynyň syýahatçylyk zolaklarynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda Hytaýyň AutoFlight kompaniýasy bilen V2000/M5000 seriýaly uçar enjamlarynyň 50 sanysyny satyn almak barada ähtnama gol çekildi. Bu resminama hünärmenleri okatmagy, şeýle hem Gazagystanda tehniki hyzmat ediş we abatlaýyş merkezini döretmegi göz öňünde tutýar.

Taslama Gazagystanyň AAAG hususy kompaniýasynyň maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyrylýar. Şäherdäki howa transportyny ösdürmäge goýuljak umumy maýa goýum mukdarynyň 300 million dollara ýetmegine garaşylýar.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, ýurtda bu hyzmatyň doly işe girizilmegi 2029-njy ýyldan ir bolmasa gerek.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

06.06.2026 10:03
16k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

04.06.2026 00:36
3.6k+

Merkezi Aziýada ilkinji: Yssyk-kölde seýrek duş gelýän haýwanlary dikeldiş merkezi gurulýar

Yssyk-köl döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Ak Ilbirs» ylmy-gözleg we dikeldiş merkeziniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik......

28.05.2026 23:41
5.3k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......