Merkezi Aziýada ilkinji: Yssyk-kölde seýrek duş gelýän haýwanlary dikeldiş merkezi gurulýar

  • 04.06.2026 00:36
  • 3.6k+

Yssyk-köl döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Ak Ilbirs» ylmy-gözleg we dikeldiş merkeziniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik ministrligi mälim etdi.

Kaktus.media neşiriniň habar bermegine görä, bu merkez seýrek duş gelýän hem-de ýitip gitmek howpundaky haýwanlaryň saglygyny dikeltmek, olara weterinariýa kömegini bermek we ylmy-gözleg işlerini geçirmek üçin niýetlenen Merkezi Aziýadaky ilkinji ýöriteleşdirilen toplum bolar.

Meýdany takmynan 1 600 inedördül metr bolan bu merkez Ananýewo obasynda gurulýar. Onuň düzüminde ylmy-gözleg barlaghanasy, dolandyryş binasy, weterinariýa bölümi we ýabany haýwanlary dikeltmek merkezi ýerleşer. Gurluşyk işlerini awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda gurluşyk bilen bir hatarda, merkezi barlaghana enjamlary bilen üpjün etmek işleri hem alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Milli ylymlar akademiýasy, ministrligiň degişli bölümleri we weterinariýa gulluklary bilen bilelikde tehniki tabşyryk taýýarlanyldy hem-de ekologik monitoring, weterinar anyklaýyş, genetiki gözlegler we bioköpdürliligi gorap saklamagy nazarlaýan maksatnamalary goldamak üçin zerur bolan enjamlaryň sanawy düzüldi.


20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.8k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....