Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy.
Bu çäre 2030-njy ýyla çenli ýurduň tutuş çäginiň 10 göterimini «örän berk goraýyş» astyna almak boýunça döwlet maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýär.
Fransiýanyň ekologik geçiş, biodürlülik we howa meseleleri boýunça ministri Monik Barbýu bu kararyň özeninde tebigy ekoulgamlara bolan basyşy azaltmagyň, şeýle-de haýwanlaryň we ösümlikleriň ýaşaýyş gurşawyny has berk goramagyň durandygyny aýtdy.
Täze gorag zolaklarynyň aglaba bölegi – takmynan 99,5 göterimi bir uly desganyň paýyna düşýär. Bu Fransiýanyň Günorta Amerikadaky daşary ýurt departamenti bolan Fransiýa Gwianasynda ýerleşýän «Armontabo gaýaly gerişleri» atly goraghanadyr. Ol 156 290 gektar tropik tokaýy we granit gerişlerini öz içine alýar.
Fransiýanyň Ýewropa böleginde goralýan ýerleriň möçberi 1000 gektardan azdyr. Olaryň hataryna Wogezyň «Bann-Rawin» dag tokaýlary, Eron departamentindäki «Pas-de-la-Loz» Ortaýer deňiz tokaýlary, Sena we Marna departamentindäki «Buronýer» gadymy tokaýy, Kantal sebitindäki «Şamalýer-Per-Urs» belent dag tokaýlary, aşaky Reýn departamentindäki biodürlülige baý «Şatt-Pandýu» tokaýlary, Mýoz departamentindäki «Ornyň ekizleri» we «Wo-de-Lu» tokaýlary girýär.
Ministrlik bu ýerleriň käbiriniň sap tebigy ýol bilen ösjekdigini, ýagny ol ýerlerde agaç çapmaga we islendik başga hojalyk işlerine doly gadagançylyk girizilendigini düşündirýär. Beýleki bölekler bolsa ýitip barýan ekoulgamlary gorap saklamak üçin ýörite dolandyrylar.
Täze zolaklaryň döredilmegi bilen Fransiýadaky biologik goraghanalaryň umumy sany 276-a ýetdi, «örän berk goraýyş» derejesindäki ýerleriň paýy bolsa 6,43 göterime çenli artdy. Fransiýa tokaýlary goramak boýunça giňişleýin meýilnamasynyň çäginde 2030-njy ýyla çenli ýene-de 250 müň gektar tokaýy goraga almagy göz öňünde tutýar. Onuň 180 müň gektary Fransiýa Gwianasynyň paýyna düşer.