Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

  • düýn 19:36
  • 2.7k+

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat düşünjesini üýtgedýän ýedi howa menzili girdi.

Guramanyň wekili Žerom Guadeniň belleýşi ýaly, ýeňijiler «öz sebitleriniň we öz döwürleriniň innowasion, gürrüňsiz nyşanlaryna» öwrüldiler.

Dünýäniň iň owadan 7 howa menzili:

Lokapriýa Gopinat Bordoloý adyndaky halkara howa menzili (Terminal 2, Guwahati, Hindistan):

Interýerinde bambuk we rotang işjeň ulanylýar. Dizaýn ýerli ussatlyga, hindi halk sungatyna we taýpa äheňlerine esaslanandyr, bu bolsa bu ýeri düýbünden gaýtalanmajak merkeze öwürýär.

Nawi Mumbaý halkara howa menzili (Terminal 1, Hindistan):

Zaha Hadid Architects atly meşhur býuronyň arhitektorlary üçin esasy ylham çeşmesi lotos gülleri boldy. Täzelenen terminalyň goşmaça aýratynlygy giň gerimli sanly sungat maksatnamasy boldy.


Tehço halkara howa menzili (Pnompen, Kamboža):

Bu taslama däp-dessurlary we tehnologiýalary sazlaşykly birleşdirýär. Binanyň üçegi kamboža köşkleriniň we ybadathanalarynyň äheňinde dizaýn edilen, içki potoloklary bolsa bambukdan sebet örmegiň däp bolan görnüşini ýatladýar.
Pitsburg halkara howa menzili (ABŞ):

Dizaýn dolulygyna sebitiň tebigatyndan ylham alnandyr. Içinde agaç görnüşinde ýasalan 38 sany polat sütün gurnalan. Döredijileriň pikirine görä, olar ýerli tokaýlaryň saýaly örtüginiň aşagynda bolmak duýgusyny döredýär.

Guançžou Baýýun halkara howa menzili (Terminal 3, Hytaý):

Bu ultra-döwrebap taslama futurologist dizaýny hödürleýär. Täze terminalyň ýumşak formalaryny we elementlerini döretmek üçin bulutlar, suw we güller ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi.

Frankfurt howa menzili (Terminal 3, Germaniýa):

Uly Ýewropa terminaly has köp häzirki zaman sungat muzeýini ýatladýar. Bilermenler ýolagçylaryň amatly we arkaýyn hereket etmegi üçin onuň pirslarynyň, uçuşa çykyşlarynyň we garaşýan zallarynyň şäher köçelerini we meýdançalaryny ussatlyk bilen gaýtalaýandygyny bellediler.

San-Diýego halkara howa menzili (Terminal 1, ABŞ):

ABŞ-da iň köp ýük düşýän ýeke-täk uçuş-gonuş zolagy bolan bu howa duralgasy 244 metr uzynlykdaky äpet egri aýna fasady bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, uçup gidýän ýolagçylaryň dynç almagy üçin bu ýerde açyk terrasalar enjamlaşdyrylandyr.


12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
5.9k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

11.06.2026 07:37
5.5k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

10.06.2026 10:55
7.6k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....