«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan şypahanada çaý guýup duran aýalyň suratyny alan britaniýaly fotosuratçy Jo Kerni gazandy.
Bu ýylky bäsleşige 50-den gowrak ýurtdan 9 müňe golaý iş gelip gowuşdy. Jemleýji tapgyra galan 203 fotosuratyň sergisi Londonyň «Mall Galleries» galereýasynda 7-nji iýuna çenli sergilener, suratlaryň belli bir bölegi meşhur «Fortnum & Mason» söwda merkezinde hem görkeziler.
Baş baýrak (Gran-pri) — Jo Kerni (Beýik Britaniýa)
Ýeňiji bolan suratda Täjigistandaky «Hoja Obi Garm» şypahanasynda çaý guýup duran aýal şekillendirilýär. Surat Duşanbe şäheriniň golaýynda, Hissar daglarynda ýerleşýän we SSSR döwründen bäri işleýän, özüniň radonly suw çeşmeleri bilen meşhur bolan sagaldyş toplumynda düşürilipdir.
«World Food Photography Awards» bäsleşiginiň esaslandyryjysy Kerolaýn Kenon bu suratdaky duýgynyň özüni agladandygyny boýun aldy:
– Bu pursady synlanyňda gaty köp zatlary duýup bolýar...Zenanyň ýüzünden köp kynçylyklary başdan geçirendigi görünýär, ýöne onuň başy entegem belentde.
Bäsleşigiň beýleki esasy ugurlary boýunça ýeňijiler:
«Hasyl ýygnamak» — Marko Rýutten (Niderlandlar):
Fotosuratçy Hindistanyň Kalkutta şäheriniň golaýyndaky Hugli derýasynda daň bilen torlaryny çekip duran balykçylary surata düşüripdir.
«Champagne Taittinger» baýragy, «Baýramçylyk tagamy» — Pinýao Sun (Hytaý):
Suratda «Zouchuan Hotpot» brendi tarapyndan guralan festiwal şekillendirilip, onda gelen myhmanlar burç, gara nohut goýutmagy, syçuan burçy we beýleki önümler salnan ägirt uly gazanyň daşyna üýşýärler.
Zenan fotosuratçylar üçin «Kler Aho» baýragy — Kelli Karter (ABŞ):
«Enäniň söýgi bilen garşylaýan sowgady» atly fotosuratda gartaşan aýal öýde bişen täze tagamlary hödürleýär.
«Meýdandaky iýmit» — Serkan Doguş (Beýik Britaniýa):
Awtor Türkiýäniň gündogaryndaky Nemrut dagyndan dowar sürüsini alyp gelýän çopany surata düşürdi.
Džeými Oliweriň ýaşlar baýragy (13–17 ýaş) — Indigo Larmur (Hindistan):
Surat Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda geçirilýän Çhath-pudža baýramçylygyndaky doga-dilegleri we danyşmentlik engamlaryny görkezýär.
«Louis Jadot» baýragy, «Ýylyň çakyr fotosuratçysy» — Lýuk Karwer (Fransiýa):
Suratda hasyl ýygnalýan döwürde üzümleriň adaty gruzin gaplary bolan kwewriň içine dökülip duran pursady görkezilýär.
«Tagam syýasaty» — Glenn Wanderbeke (Belgiýa):
Fotosuratda Ruandanyň Irebero hünär-tälim beriş merkezinde işleýän we endam-jany mekgejöwen ununa bulanan gyz şekillendirilýär.
«Köçe tagamlary» — Kara Berd (Awstraliýa):
Ýeňiji bolan kadr Kioto şäheriniň Nisiki bazarynda düşürilip, ol şäheriň gowgaly durmuşynyň içindäki rahat pursady görkezýär.
Džeýms Berd gaznasynyň fotobaýragy — Daniel D. Kwak (ABŞ):
Fotosuratçy Nýu-Ýorkdaky senegallylaryň «Hadja Marley» restoranynyň işgäriniň günlük düşewünti hasaplap duran pursadyny surata düşürdi.
Filip Harbeniň «Tagam hereketde» baýragy — Lehoski Balaž (Wengriýa):
Bu surat ertirligiň taýýarlanýan wagtynda aşhanadaky maşgala agzalaryny görkezýär. Awtoryň aýtmagyna görä, ol adaty aşhanany studiýa öwrüp, süýji durmuşyň hakyky gadyr-gymmatyny saklamaga çalşypdyr.










