Niagaranyň buzdan bina bolan gudraty: Niagara Frozen Falls 2026 surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

  • 20.05.2026 21:41
  • 3.9k+

2026-njy ýylda Niagara seýilgähleri ​​dünýäniň iň meşhur şaglawuklarynyň biriniň gyşky gözelliginden pursatlary suratlarda beýan etmegi maksat edinýän giň möçberli surat bäsleşigi bolan Niagara Frozen Falls Social Media Contest-i geçirdi.

Ýeňiji bolan suratlar suwuň üznüksiz akymynyň we heýkele öwrülip doňan tebigy hadysanyň illýuziýasyny döredýän ägirt uly buzuň arasyndaky kontrasty görkezýärdi.

Bäsleşikde birinji orny Mytny Photography studiýasy eýeledi, onuň işleri gyşky peýzažyň asudalygy bilen şaglap akýan suwuň güýjüni birleşdirýär.

Niagaranyň doňan şaggyldysy / Birinji orny eýelän surat /© Mytny Photography (The  The Frozen Roar of Niagara) 

Ajo Metýu kinematografik we duýguçyl suraty bilen ikinji orny eýeledi.

Niagaranyň gyrasynda doňup galan ot / ikinji ýeri eýelän surat / © Ajo Mathew (Frozen Fire at the Edge of Niagara)

Üçünji orny doňan tebigatyň gazaply asylky güýjüni suratlandyrýan suraty üçin Rob Miller eýeledi.

Niagaranyň doňan ybadathanasynyň astynda / üçünji orny eýelän surat ​/ © Rob Miller (Beneath Niagara’s Frozen Cathedral)

Awtorlaryň her biri Niagaranyň gyşky görnüşiniň dramasyny özüçe açyp görkezmegi başarypdyr.

Guraýjylar Niagara şaglawugynyň hiç haçan doly doňmaýandygyny belleýärler: millionlarça tonna suw buz gatlaklarynyň aşagynda hereket etmegini dowam etdirýär. "Doňup galmak" täsiri gaýalary we gurluşlary ýuwaş-ýuwaşdan örtýän buzly dumanyň we garyň hasabyna döreýär. Hemişelik hereketiň we buzdan gabygyň şu utgaşmasy müňlerçe suratçylary we syýahatçylary ylhamlandyrmagyny dowam etdirýär we şaglawugy her gyşda planetanyň iň ajaýyp tebigy görnüşleriniň birine öwürýär.

Bäsleşigiň finalçylarynyň suratlary

Doňan şaglawugyň depesindäki awrora / © Kevin Rowan (Aurora Over the Frozen Falls)

Doňan şaglawugyň astyndan gelýän pyşyrdy / © Parker Burkett (Whispers Beneath the Frozen Falls)

Doňan şaglawugyň depesinde dogan Aý / © Lei Ýang (Moonrise Over the Frozen Falls)

Doňan patyşalygyň depesindäki älemgoşar / © Poli Bertolai (Rainbow Over the Frozen Kingdom)

Gijeki şaglawugyň astynda doňup galan çyralar / © Shannon Dawn (Frozen Lights Beneath the Night Falls)

Gyşyň mahmal suwy / © Argen Elezi (Velvet Waters of Winter)


düýn 08:06
1.8k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

12.06.2026 15:47
10k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
5.6k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

11.06.2026 12:12
7.9k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......