ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

  • 07.06.2026 10:00
  • 3.9k+

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder. Täze düzgünler 2030-njy ýyldan doly güýje girer.

Bu üýtgeşmelere ÝB-niň şu ýylyň 12-nji awgustynda güýje girjek gaplama baradaky täze görkezmesi esas boldy. Şondan soňra telekeçiler üçin birnäçe ýyl dowam etjek geçiş döwri göz öňünde tutular.

Täze çäre galyndylaryň möçberini azaltmaga we bir gezeklik plastigi ulanmagy peseltmäge gönükdirilendir. Ýewropanyň häkimiýet edaralarynyň çykaran netijelerine görä, kiçijik gaplamalar galyndylaryň iň uly kynçylyk döredýän görnüşlerine degişlidir, sebäbi olar köplenç gaýtadan işlenilmesi kyn bolan köp gatlakly materiallardan öndürilýär. Ulanylandan soň, olar adatça zibillere ýa-da zibil ýakýan kärhanalara düşýärler.

Gadagançylyga şular girer:

ketçupyň, gorçisanyň, maýoneziň we beýleki souslaryň kiçijik gaplamalary;

plastik gapdaky şekeriň dürli görnüşleri;

kofe üçin niýetlenen gaýmaklar.

Çäklendirmeler diňe ýerinde hyzmat edilýän müşderilere degişli bolar. Özi bilen alyp gitmek üçin edilýän sargytlarda bolsa munuň ýaly gaplamalary ulanmak rugsat ediler. Bu ýagdaý awto-kafelerden satyn alynýan önümlere, alyp gitmek üçin niýetlenen kofelere we alyjylaryň özi bilen alyp gidýän taýýar naharlaryna degişlidir.

Şeýle-de keselhanalar, garrylar öýi we beýleki lukmançylyk edaralary üçin kadadan çykmalar göz öňünde tutulyp, ol ýerlerde arassaçylyk sebäpli bir gezeklik porsiýa gaplamalary 2030-njy ýyldan soň hem ulanylyp bilner.

Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň ýörite paýlaýjylara, köp gezeklik gaplara we uly göwrümli gaplamalara geçmegine garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, bir gezeklik gaplary öndürijiler bolup biljek ykdysady ýitgiler barada eýýäm mälim etdiler we has uzak wagtlyk geçiş döwrüniň berilmegini talap etdiler.


düýn 07:48
1.7k+

ÝB smartfon öndürijileriň önümleriniň hyzmat möhletini görkezmeklerini isleýär

Ýewropa komissiýasy smartfon we beýleki elektronika öndürijilerini önümleriň belliklerinde olaryň çaklanan hyzmat möhletini we bejerimäge degişlidigini görkezmäge borçly etmegi teklip etdi. Bu başlangyç satyn......

25.06.2026 14:59
7.4k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

21.06.2026 16:13
4.7k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......